Talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda bütin Awstraliýany howa iş taşlaýyşlary gurşap aldy diýip, Habar 24 ýazýar. Olar häkimiýetlerden howanyň üýtgemegine garşy aýgytly çäreleri görmegi talap edýärler.
Melburnda müňlerçe garşylykçylar şäherden ýöriş edip, kömür we gaz taslamalaryna maýa goýmagy bes etmegi talap etdiler.
Sidneýde bolsa ýüzlerçe adam Daşky gurşawy goramak ministrliginiň öňüne ýygnanyp, gazylyp alynýan ýangyçdan ýüz öwürmäge çagyrdylar.
Talyp gyz Min Park şeýle gürrüň berýär: - Dogrymy aýtsam, men öz geljegim üçin howatyrlanýaryn. Howanyň üýtgemegi hakyky howp, biziň hökümetimiz oňa garşy göreşmek islemeýär. Olar golaýda täze dört sany kömür taslamasyny kabul etdiler. Bu depginde gitse, biz has köp tokaý ýangynlarynyň we ýyly howa akymlarynyň şaýatlary bolarys.