Awstraliýanyň Fortescue Metals Group magdan çykaryjy kompaniýasy dünýäde ilkinji tükeniksiz otlynyň taslamasyny oýlap tapdy. Ol grawitasiýa energiýasynyň hasabyna işlär. Daşamalardan hiç hili zyňyndy galmaz. Bu barada Fortescue edinen Williams Advanced Engineering britan kärhanasynyň saýtynda aýdylýar.
Taslama Infinity Train diýip at aldy.Demir magdanynyň daşaljak täze otlusy dizel ýangyjy bilen işlemez.Onuň akkumulýatorlary grawitasiýanyň energiýasyndan güýç alar — magdanyň ýapgyt boýunça aşak goýberilýändigi sebäpli otla goşmaça güýç almak gerek bolmaz.
Bu oýlanyp tapylan tär agyr senagat sektorynda zyňyndylaryň derejesini azaltmaga ýardam eder.Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, otly 2030 ýyla çenli zyňyndylaryň derejesini nola deňlemek ugrundaky maksada ýetmäge kömek eder, şeýle hem çykadajylaryň möçberini azaldyp, kärhananyň öndürijiligini ýokarlandyrar.