Awstraliýa Ysraýyly Ýazgardy

Awstraliýa Ysraýyly Ýazgardy

Wong sosial media hasabyndan Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri hakynda habarnama berdi.

Awstraliýanyň çagyryşyny ýene-de bir gezek gaýtalan Wong: “Hamasy ýeňmegiň jerimesini palestinaly bigünä ilat çekmeli däl” diýdi.

Wong Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde “bigünä ilatyň öldürilmegini” ýazgaryp, gazanyň demirgazygyndaky gumanitar ýagdaýyň “kabul edilmesizdigini” beýan etdi.

Ysraýylyň hökümetiniň ynsanperwer kömekleriniň geçirilmegine rugsat bermelidigini nygtan Wong, kömekleriň artdyrylmalydygyny, eger şeýle bolmasa ýagdaýyň adam pidalarynyň artmagyna sebäp boljakdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary tamamlandy
Türkmen wekiliýeti Koreýada birnäçe duşuşyklary geçirdi
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Dünýäniň 42-nji raketkasy Uimbldonyň çempiony boldy
“Wimbledonyň” taryhynda ilkinji gezek