Awstraliýa Uly Barýer merjen gaýalaryny goramaga 700 million dollar bölüp bermekçi

Awstraliýa Uly Barýer merjen gaýalaryny goramaga 700 million dollar bölüp bermekçi

RIANowosti habarlar gullugy Awstraliýanyň Uly barýer merjen gaýalaryny goramak üçin goşmaça bir milliard awstraliýa dollaryny (ABŞ-nyň 700 million dollary töweregi) bölüp bermekçidigini habar berýär. Serişdeler ýitip ýok bolmak howpy abanýan Uly barýer merjen gaýalaryny halas etmäge gönükdiriler, häzir onda 64 müň iş orny bardyr.

Täze maksatnama 2050-nji ýyla çenli umumy 3 milliard dollara çenli maýa goýum goýmak göz öňünde tutulýar. Awtraliýanyň premýer-ministri Skott Morrisonyň sözlerine görä, serişdeler suwuň hilini gowulandyrmaga, şorlaşmagyň we ummanyň suwunyň hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdiriler.

Uly Barýer rifi Kwinslendiň kenarýakalary boýunça 2300 kilometre uzaýar, dünýä ummanynda suwuň maýlamagy bu ýerdäki merjen gaýalaryň ýok bolmak howpuny döredýär.

Ýene degişli makalalar

Halkara Atom Energiýasy Guramasy ABŞ-Iňlis-Awstraliýa täze şertnamasyna reaksiýa bildirdi
Demirgazyk Koreýa: "Ýadro ýaraglanma ýaryşy ýüze çykyp biler" diýdi
Morrison Makron bilen duşuşyk geçirmejekdigini habar berdi
Awstraliýa waksinaly syýahatçylara serhedini açýar
Dünýä Ýurtlary Russiýa Sanksiýalaryny Giňeldýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy dünýä metbugatynyň sahypalarynda