
Maýmyn mama keseliniň sanjymlarynyň ilkinji 22 müň dozasynyň birnäçe günüň dowamynda Awstraliýa baryp ýetjekdigi, galan böleginiň bolsa ýylyň dowamynda we 2023-nji ýylda geljekdigi habar berildi.
Awstraliýada häzirki wagta çenli 53 adama maýmyn mama keseliniň ýokaşandygy anyklandy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 23-nji iýulda Ýewropanyň başda durmagynda dünýäde ýaýramaga dowam edýän maýmyn mama pandemiýasyny Halkara Halk saglygy adatdan daşary ýagdaýy diýip yglan edipdi.
BSGG-nyň 27-nji iýulda beren beýanatynda 78 ýurtda 18 müňden gowrak keselliniň hasaba alynandygy habar berilipdi.