Awiamodel sporty boýunça ussatlaryň ýene bir ýaryş möwsümi tamamlandy. Aşgabadyň aerokluby birinjilikleriň ikisini geçirdi. Ilki ýaş awiamodelçiler Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylary çykyş etdiler. Soňra radiodolandyrjyly planerleriň modelleri (elektrolýotlar) boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyry geçirildi.
Ýaryşyň birinji güni Aşgabat aeroklubyna gatnaýan okuwçylar we Gökdepe etrabynyň awiamodel gurnagynyň agzalary öz ýasan planerleriniň modellerini uçurmakda bäsleşdiler.Model ýüp bilen 50 metr belende galandan soň erkin uçuşa başlaýar, eminler onuň erkin uçuş wagtyny belleýärler.
A-1 tapgyrdaky (halkara derejesindäki) planerleriň arasynda Aşgabadyň 52-nji orta mekdebiniň okuwçysy Kerim Nazarow ýeňiş gazandy.A-2 planerleriň basleşiginde paýtagtymyzyň 27-nji mekdebiniň okuwçysy B.Annanyýazow, radiodolandyryşly modelleriň arasynda uçuş tehnikasy boýunça ýaryşda 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Myrat Annagulyýeew dagy öňe saýlandylar.
Ýaşajyk awiakonstruktorlaryň bäsleşiginde Gökdepäniň 6-njy mekdebiniň okuwçysy Begenç Geldimyradow tapawutlandy. Ýaryşda ýeňiş gazanan ýaşajyk awiamodelçilere Aşgabat aeroklubynyň diplomlary we baýraklary gowşuryldy.
Ýaryşyň ikiji güni radiodolandyryjyly planerler boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyry has gyzykly boldy.Her modelçä planerini uçurmak üçin 30 synanşyga rugsat berilýärdi. Ýeňiji modeliň bellenilen ýeriň golaýyna gonuşy bilen kesgitlenýärdi. Ýaryşyň üç tapgyrynyň netijesi boýunça Kubogyň häzirki eýesi, aşgabatly Sähet Kulyýew ýeňiş gazandy.
Sport ussatlygna dalaşgär Gajy Tuçkus ikinji, ýurdumyzyň awiamodelçiler sportunyň weterany Sergeý Obrazsow üçünji orny eýelediler.