Awgustda gelen silden soň Aşgabatda sil sowalgasyny gurmak karar edildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi we onuň dowamynda hünärmenleriň paýtagtyň dag eteklerindäki zonalarynda sil suwlarynyň öňüni almak maksady bilen geçiren barlaglarynyň netijeleri barada hem habar berildi.

Aşgabadyň günorta bölegine sil suwlarynyň inmeginiň öňüni almak maksady bilen Oba we suw hojalygy ministrliginiň “Türkmensuwylmytaslama” instituty hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hünärmenleri tarapyndan topogeodeziýa gözleg işleri ýerine ýetirilip, degişli hasaplamalar geçirildi hem-de desganyň şekil taslamasy taýýarlanyldy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty habar berýär.

Proýekte laýyklykda, Köpetdagyň eteginden we şäheriň uzaboýuna uzynlygy 33 kilometr bolan sil akabasyny gurmak, sil suwunyň akyp gelýän uly jarlaryny akaba birikdiriji desgalary, akabanyň awtomobil we demir ýollary bilen kesişýän ýerlerinde köprüleri bina etmek teklip edilýär.

“Sil suwunyň Garagum derýasyna düşmeginiň öňüni almak üçin göwrümi 15 million kubmetr bolan sil suwlaryny jemleýji aýratyn howdan gurlar, şondan suwy ekin meýdanlaryny suwarmak üçin peýdalanyp bolar” diýip, neşiriň maglumatynda aýdylýar.

Ýatladýarys, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatlaryna görä, 11-nji awgystda, dowamly ýagan ýagyş netijesinde Aşgabadyň etegindäki Kälata posýologyna sil geldi we netijede köp jaý ýykyldy, 30-a golaý adam öldi.

Soňra bu maglumaty “Azatlyk” radiosy hem tassyk etdi.

Ýene degişli makalalar

'48 sagatlyk film'. Türkmenistanly awtorlaryň filmi Merkezi Aziýa bäsleşiginde ýeňiş gazandy
Koştepa kanalynyň böwsülmegi netijesinde, suw köp ýeri basdy
'Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat diňe 7% kuwwatyny işledýär'
Owganystanyň üstünden gaz geçiriji gurmak: hakyky proýektmi ýa-da hyýal?
Aşgabatda Türkmenistanda gurlan ilkinji golf-klubyň açylyşy boldy
Türkmenistanda Alabaýa ýadygärlik dikiler