Awgust II hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $15,5 milliondan geçdi

Awgust II hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $15,5 milliondan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Türkmengaz döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 505 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 13 million 312 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny, arassalanan nah galyndylaryny satyn aldylar.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
TDHÇMB: Owganystanyň işewürleri suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirdiler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi