Awgust I hepde: TDHÇMB-da nebit-himiýa we dokma önümleri satyldy

Awgust I hepde: TDHÇMB-da nebit-himiýa we dokma önümleri satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 6 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Şeýle-de Türkiýeden we Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürlere Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 750 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 450 müň manatlyk polipropileni we nebit önümlerini satyn aldylar. Çeşme: “Biznes reklama” gazetiniň 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky sany

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynyň bazarlarynda sygyr eti 30% gymmatlady
2023-nji ýylda türkmen bazaryna 6,5 müň tonnadan gowrak kofe we kakao önümleri import edildi
Magtymguly - ynsan köňlüniň çyragy
Henrik Hololeý: ÝB-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny ähli ugurlarda berkitmäge uly mümkinçilikler bar
Türkmen wekiliýeti Ýewrokomissiýanyň wekili we ispan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen wekiliýeti Brýusselde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi