Awdy Kulyýew barada ýatlama

Awdy Kulyýew barada ýatlama

Farid Tuhbatulliniň awtorlyk kolonkasy

1991-nji ýylyň oktiýabr aýynyň ahyrlarynda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny yglan etmeginiň 30 ýyllygynyň ýakynlaşýandygy mynasybetli haýsyda bir taryhy wakalar däl-de, geçen ýyllarda kimde-kim rejime oppozisiýada bolan bolsa we ykbalyň meni olar bilen duşuşmagy miýesser edenleri barada ýatlamak isleýärin.

Oňa Awdy Kulyýew barada başlamak gerek.

Ol köp kriteriýalar boýunça birinji bolup durýar.

Awdy aga oppozisiýa geçen llkinji ýokary derejeli emeldar. Ilkinji bolup töweregine meşhur dissidentleri-ýazyjylary, şahyrlary, žurnalistleri we wakalara biperwaý bolmadyk adamlary ýygnamagy başardy. Ilkinji bolup oppozisiýa lideri hökmünde hiç zatdan çekinmän, 1998-nji ýylda watana dolandy. Birnäçe günläp Aşgabatda öý tussaglygynda saklandy we soňra ýurtdan çykaryldy.

Emma, meniň Awdy Kulyýewi birinji orunda goýmagymyň sebäbi ol oppozisiýonerleriň ilkinjisi bolup meniň bilen ýüzbe-ýüz duşuşandygy bilen baglydyr.Biziň ilkinji duşuşygymyzyň haçan bolandygy şu wagt doly ýadymda däl welin, takmynan, 90-njy ýyllaryň ahyrlarynda bolsa gerek.Ol aýaly bilen Moskwanyň Himki şäherçesinde ýaşaýardy.

Men şonda “Memorial” merkezindäki kärdeşlerim bilen duşuşmak üçin Moskwa gelipdim we maňa Awdy Kulyýewlere myhmançylyga gitmek teklip edilipdi.

Awdy aga biziň kinolarda görmäge öwrenişen egnindäki ýelegini ýyrtýan gahrymanlara meňzänokdy. Ol asuda, paýhasly, agyrbaşly, ýuwaşja gürleýän,ýöne ynançlarynda berk adamdy.

Ol maňa režime oppozisiýon garaýyşly adamlaryň zerurdygyny aýdypdy we meni öz guramasyna goşulmaga çagyrypdy.

Men Awdy aga we onuň işlerine goýýan uly hormatyma garamazdan, adam hukuklaryny goraýjy hökmünde hem rejime garşy durup bilmegimiň mümkindigini, meniň syýasy oppozisiýa işleri bilen meşgullanmak islegimiň bolmandygyny we ýokdygyny aýdyp, jogap beripdim.

Awdy aga meniň pozisiýama düşünýändigini hatda, birneme gynanandygyny belläpdi.

Biziň ikinji duşuşygymyz 2002-nji ýylda Wenada bolupdy.

Halkara Helsinki Federasiýasy Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ýygnak gurnapdy.Türkmenistandan men we dostum Wiçeslaw Mämmedow gelipdi. Şeýlede Awdy aganyň ýolbaşçylygynda “Türkmenistanyň birleşen demokratik oppozisiýasynyň” (TBDO) birnäçe agzasy bardy.

Adam hukuklary boýunça meşhur halkara we türkmen toparlarynyň wekilleri hem bardy.

Men bu ýerde Awdy Kulyýewiň diplomatik talantynyň, tejribesiniň we at-abraýynyň syýasy pikir-garaýyşlary düýpli tapawutlanýan adamlary “öz baýdagynyň”astyna ýygnamaga kömek edendigine şaýat boldum.

Belkide, olaryň hemmesi Nyýazowyň rejimine garşydyklary üçin birleşendir. Galan ýagdaýlarda olaryň pikir-garaýyşlary bütinleý tapawutlydy. Emma, olary diňe Awdy Kulyýew bir toparda işlemäge mejbur edip bilipdi.

Öňünden aýdaýyn, Awdy aga ýogalandan soňra garaşylyşy ýaly, TBDO dargady.

2002-nji ýylyň güýzünde Moskwanyň golaýynda şol bir mowzukda we toparda nobatdaky ýygnak geçirilipdi.

Bu gezek Türkmenistandan diňe men gelipdim.

Konferensiýa başlamazdan owal edil Wenadaky ýaly Boris Şyhmyradowyň toparyndan hem wekilleriň gelmegine garaşylypdy. Emma, hiç kim gelmändi.

Awdy Kulyýew muňa gaharlanypdy. Ol we başgada käbir agzalar oppozisiýanyň täze akymynyň birleşmegine umyt edipdiler.

Eger bu konferensiýanyň dowamynda örän az duýlan bolsada, bu barada adamlar kuluarlarda açyk gürrüň edipdiler.

Şonda hiç kim wakalaryň bular ýaly tiz boljakdygyny çaklamandy.

_________________________________________________________

Meniň Awdy Kulyýew bilen soňky duşuşygym tussaglykdan boşanymdan soňra bolupdy.

25-nji noýabr wakalarynyň ýyl dönümi bilen bagly 2003-nji ýylda üç sany oppozisiýa toparynyň wekilleri (“Respublikan” partiýasynyň, “Watan” hereketiniň we TBDO-niň) Wenada duşuşdylar.

Şol wagt men Awstriýada ýaňy bosgunlyk durumyny alypdym we meni duşuşyga çagyrypdylar. Hut sonda üç sany oppozisiýa toparynyň wekillerini[ özara düşünişmezliklerini köpçülige paş etmän, birek-birek bilen “erkek ýaly”ylalaşandyklaryna şaýatlyk edip bilerin. Hemmeler dogruçyllyk bilen bu ylalaşyga eýeripdiler.

2006-njy ýylyň dekabrynda Nyýazow öldi. Men oppozisiýaçy däl we ýaş kiçi hökmünde oppozisiýa liderleriniň öz pozisiýalaryny beýan etmegine garaşdym. Emma, takatym ýetmedi.

Halkara Helsinki Federasiýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Aaron Roudese ýüzlenip, Türkmenistandaky ýagdaýlar barasynda konferensiýa geçirmegi teklip etdim we ol meni goldady.

Bu ýerde mesele şol wagt Hristiýanlaryň dini baýramy Roždestwo döwrüdi we doly suratda çäre geçirmegi gurnamakdy. Üstesinede, ýygnagy maliýeleşdirijini tapmak we konferensiýany 2007-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi, ähli oppozisiýa liderlerini we her topardan iki adamyny Wena çagyrmagy gurnamak başardypdy.

Konferensiýa täze ýyl baýramçylygyna garamazdan,GDA ýurtlarynyň ilçihanalarynda,ÝHHG-niň işgärlerinde, žurnalistlerde, hukuk goraýjy guramalarynda uly gyzyklanma döretdi we olar işjeň gatnaşypdylar.

Awdy aga öz toparyndan Halmyrat Söýünowy, Anatoliý Fomini çagyrypdy. Men konferensiýany gurnaýjy hökmünde pursatdan peýdalanyp, kärdeşim Wiçeslaw Mämmedowy we dostum (Aşgabatdaky sudumda meni goran) we eýýäm,Niderlandlarda baş pena alan aklawjy Timur Misrihanowy çagyrdym.

Şol günleriň birinde olaryň hemmesi meniň myhmanym bolupdylar. Şonda Awdy aga türkmen saçagynyň başynda öz ideýalaryny we planlaryny paýlaşypdy….

Mundan birnäçe aý soňra Awdy aga aramyzdan gitdi.

The post Awdy Kulyýew barada ýatlama first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Angliýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi belli boldy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 8 adam ýogaldy
93-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
“Çarwadarlaryň mekany” iň gowy drama, “Borat 2” iň gowy komediýa
"Altyn globus" film baýraklarynyň dalaşgärleri yglan edildi
Barselona 88-nji minutda 0:2 utulyp gelýän halyna, Granadadan üstün çykdy