Aşgabatda Awçylaryň we balykçylaryň birleşen jemgyýetiniň XIX gurultaýy boldy, ol dört ýyldan bir gezek geçirilýär.Jemgyýetiň welaýat bölümleriniň wekillerinden başga-da, çärä Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky, balyk hojalygy Döwlet komitetleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň, Elguşçylar milli jemgyýetiniň we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) wekilleri çagyryldy.
Guramanyň başlygy we derňew toparynyň, welaýat bölümleriniň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler, guramanyň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça çözgütler kabul edildi, guramanyň iş meýilnamasy düzüldi we saýlawlar geçirildi.
Guramanyň wekilleri—gözegçiler hem-de aw awlamak we awçylyk hojalygyny ýöretmek boýunça hünärmenler teklipleriň birnäçesini girizdiler.Olaryň arasynda bar bolan aw meýdanlaryny dolandyrmak boýunça milli konsepsiýany işläp taýýarlamak we olaryň esasynda täze hojalyklary döretmek barada teklipler bar.
1998-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanda aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda” Kanuny kämilleşdirmek barada teklip aýdyldy.Kanuny alymlar we Jemgyýetiň amaly iş alyp barýan işgärleri GIZ bilen hyzmatdaşlygyň esasynda işläp taýýarladylar, onda döwrebap aw hojalyklaryny guramak jähtinden täzelikleriň birnäçesi bolup, ilkinji guramalar ýa-da şahsy taraplar döwlet tarapyndan gözegçilik astynda uzak möhletleýin şertnama esasynda ondan jogapkär peýdalanyjylar bolup bilerler.
Gurultaýa gatnaşan wekiller awlaтmaga degişli haýwanlaryň indi seýrek duşýan görnüşleriniň baş sanyny dikeltmek boýunça biotehniki çäreleri yzygiderli geçirmek, daşary ýurtlaryň tejribesini özleşdirmek we halkara taslamalaryna gatnaşmak, olja hökmünde aw awlamagy ösdürmek, syýahat enjamlaryny we ýörüş lybaslaryny, sowgatlyk we gäp önümlerini satmagyň hasabyna aw dükanlarynyň satuwyny giňetlmek barada pikir aýtdylar.
Gurama peýdakeşlik serişdesi däl-de, estetiki we sport çäresi hökmünde “dogry aw etmegi”, olaryň köpelşine görä aw serişdelerinden wagşylyk bilen däl-de, rejeli peýdalanmagy wagyz etmegi güýçlendirmegi göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda aw awlamak üçin bellenilen ýerleriň 41-si bolup, olarda kanunlaryň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň aw möwsümi döwri belleýän düzgünlerine laýyklykda höwesjeň aw awlamak bolýar.
Resminamada düzgünleşdirilmäge degişli awlanmaly haýwanlaryň görnüşleri, awçylaryň hukuklary we borçlary bellenilendir.Gurultaýda şol ýerlerde haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmagyň, olaryň ot-im binýadyny berkitmegiň, ýerli haýwanlaryň—käkilikleriň, ala gazlaryň, derýa gazlarynyň, ýekegapanlaryň, towşanlaryň hakyky sanyny, şeýle hem suwda ýüzýän ötegçi aw haýwanlarynyň sanyny kesgitlemegiň zerurlygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykkda goňşy ýurtlaryň -- Gazagystanyň we Russiýanyň awçylyk hojalyklary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy. Gurultaýyň wekilleri we myhmanlary içerki howdanlaryň hem-de Hazaryň suwunyň derejesiniň durnuksyzlygy şertlerinde awlanmaga degişli ötegçi haýwanlaryň sanyna laýyklykda aw awlamagyň amatly möhletine we ölçeglerine düzediş girizmek üçin suw batga möçberlerini kesgitlemek boýunça ylmy barlaglary geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet tebigaty goramak edarasy bilen jemgyýetçilik ekologiýa guramalarynyň işini jebisleşdirmegiň zerurlygyna üns çekildi. Bikanyn aw awlamaga garşy durmak ara alnyp maslahatlaşylan meselelriň biri boldy.
Ylmy işleri guramak boýunça Merkezi geňeşiň başlygynyň orunbasary professor Eldar Rustamow tebigatyň we howanyň üýtgemegi bilen birlikde haýwanlaryň köpelşiniň hem üýtgeýändigini belledi.Ol awlanylýan haýwanlaryň käbir görnüşleriniň ýörüte malhanalarda, mysal üçin, ýörüteleşdirlen aw hojalyklarynda sülgün keteklerinde köpeltmegiň mümkinçilgi barada pikir aýtdy.
E.Rustamow şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugynda “Türkmenistanyň awçylyk gorlary we olardan durnukly peýdalanmagyň meseleleri” atly kitabyň çapa taýýarlandygyny belledi.
Balykçylyk hojalygy döwlet komitetinden ihtiolog Orazmyhammet Myradow Lebap welaýatynda Amyderýada balyklaryň işbil taşlaýan ýerlerinde we ownuk balyklary iýmitlendirmek üçin emeli şertleri döretmegiň zerurlygyny belledi. Awlanylýan balyklaryň görnüşleriniň köpüsi gury ýerdäki ösümliklere işbil taşlaýarlar, olar suw daşanda akyp gidýär. Şeýle ýagdaý seýrek duşýar, suw azlygy we onuň bilen baglylykda howdanlarda suw azlygy derýada balyklaryň köpelmegini çäklendirýär.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Awçylar we balykçylar jemgyýeti işi biogorlary goramak ulgamynda döwlet syýasatynyň çäklerinde hem-de milli kanunlara laýyklykda döredilen we guralýan guramadyr, ol guramanyň Düzgünnamasynda bellenilendir.Ençeme ýyl bäri bu Jemgyýet ekologiýa medeniýetini we tebigy gorlara aýawly çemelşmegi wagyz edip gelýär, tebigaty goramak çärelerini amala aşyrýar. Ýurdumyz boýunça hatarynda 13,5 müň adam bolan gurama “Tebigat--peýdakeşlik çeşmesi däl-de, tebigatdan peýdalanmak arkaly özüňe aň ýetirmegiň çeşmesidir”- diýen şygardan ugur alýar.