“Awçy, atma jereni!”: Lebabyň goraghanalarynda güýç edaralary aw awlaýar, ýerli ýaşaýjylar balyk tutýar

“Awçy, atma jereni!”: Lebabyň goraghanalarynda güýç edaralary aw awlaýar, ýerli ýaşaýjylar balyk tutýar

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynda derýada we kanallarda bikanun ýollar bilen köpçülikleýin balyk tutýan adamlaryň köpelýändigini habar berýärler. Şol bir wagtyň özünde, welaýatyň çägindäki döwlet tebigy goraghanalarynda ýerli kanun goraýjy edaralaryň jogapkär işgärleri awlanmagy gadagan edilen haýwanlary awlaýarlar.

Habarçynyň 25-nji noýabrda habar bermegine görä, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi balykçylaryň köpelmegini adamlaryň eklenç aladalary bilen düşündirýärler.Beýleki tarapdan, ýerli güýç edaralarynyň wekilleriniň regionyň çägindäki döwlet goraghanalarynda aw awlamak bilen meşgullanmagy ilat arasynda sorag döredýär: “Güýç gulluklarynyň goraghanadaky gyzyl kitaba girizilen janawarlary awlamagy welaýat halkynda her dürli soraglary döredýär.

Köp sanly ýerli ýaşaýjylarda döwlet goraghanasy diýlende güýç edaralaryň işgärleriniň aw zonasy’ diýen düşünje dörapdir” diýip, habarçy aýdýar.Lebapda ýerleşýän döwlet goraghanalarynyň hatarynda Repetek, Amyderýa we Köýtendag döwlet goraghanalary bar.

Amyderýanyň kanallarynyň, kollektorlarynyň suwlarynda ýaşaýan bekre balygy, uly we kiçi amyderýa pilburny, çortan şekilli akmarka ýaly balyklar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.Amyderýa döwlet goraghanasynda Gyzyl kitaba girizilen buhara sugunlary we keýikler bar.

Welaýatyň çägindäki Repetek we Köýtendag goraghanalarynda-da awlanmagy gadagan edilen dürli görnüşli haýwanlar bar.Azatlygyň habarçysynyň soňky maglumatlaryna görä, gadagan ýerlerde aw awlaýan döwlet gullukçylary ýerli ýaşaýjylaryň ýolsuz ýerlerde herekete ukyply awtoulaglaryndan peýdalanýarlar.

Ol ulag eýeleriniň bu mejburylykdan şikaýat edýändiklerini tassyklaýar.Beýleki tarapdan, habarçy san taýdan köpelýän ýerli balykçylaryň kanallarda aw awlanda torlardan we elektrik togundan peýdalanýandygyny aýdýar.Onuň maglumatlaryna görä, balykçylar bikanun ýagdaýda balyklary elektrik togy bilen köpçülikleýin öldürip, olary satmak bilen meşgul bolýarlar. Ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, Lebabyň goraghanalarynda diňe bir ýerli güýç gulluklary aw awlamaýar.

Eýsem, Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi şu ýylyň iýun aýynda türkmen elitasynyň ýokary gatlagynyň bir wekiline garyndaşlyk gatnaşygy bolan täsirli adamyň hem Lebabyň goraghanalaryna aw awlamaga barandygyny habar berdi. Şonda “ýokary derejeli” myhman Seýdidäki döwlet goraghanasynda jeren awlapdyr. Ýöne Azatlyk Radiosy bu maglumatlary garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmedi.

Türkmenistanda 9 sany tebigy goraghana, 16 sany çäkli tebigy goraghana bar. 1927-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda döredilen Repetek biosfera döwlet goraghanasy ýurtda döredilen ilkinji goraghanadyr.Ol ondan ozal 1912-nji ýylda Russiýa imperatorlygynyň Geografiýa jemgyýetiniň Repetekde düýbüni tutan ylmy stansiýasynyň binýadynda döredildi. Ýurduň Bathyz, Gaplaňgyr, Hazar, Köpetdag, Köýtendag, Sünt Hasardag, Amyderýa, Repetek, we “Bereketli Garagum” döwlet goraghanalarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikler we beýleki janly-jandarlar bardyr. “Bereketli Garagum” döwlet goraghanasy ýurtda garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen ýeke-täk tebigy goraghanadyr.

Resmi maglumatlara görä, döwlet goraghanalaryna 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gözegçilik edýärdi. Şu ýylyň ýanwarynda bu komitet Türkmenistanyň şol wagtky Oba we suw hojalyk ministrligine goşulyp, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi.

Bu üýtgeşmeleriň döwlet goraghanalarynda ýaşaýan Gyzyl kitaba girizilen ýa-da girizilmedik müňlerçe haýwanyň we ösümligiň durmuşyna ýetiren oňyn täsiri nämälimliginde galýar.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda syýahatçylygyň geografiýasy
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany
Garagumyň ummasyz baýlyklary
Repetekde goraghana döredilmezden 15 ýyl öň ylmy barlaglar başlanypdy
30.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň ilkinji maslahatyna gatnaşdy
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK MERkezi