Awazada dynç almak bilen, datly naharlary iýmegi halaýanlar indi täze ýeriň — Soltan restoranynyň tagamlarynyň lezzetini duýup bilerler. Deňiz kenarynyň köpugurly merkezinde ýerleşýän täze Soltan restorany myhmanlaryna ajaýyp we oňaýly atmosferada ýatdan çykmajak gastronomiki täsirleri wada berýär.
Soltan restorany türk, Ýewropa hem-de türkmen aşhanasyna ýöriteleşip, bu ýere gelýänlere dürli hili aşhana tagamlaryndan lezzet almaga şert döredýär. Täze binanyň interýeri myhmanlar üçin amatly şerti döretmek bilen, stilli we göwnejaý dizaýnda gurnaldy.
Soltan restorany diňe bir aýry-aýry myhmanlary kabul etmek bilen çäklenmän, eýsem köp sanly adama niýetlenen doglan günler we banketler ýaly dürli çäreleri hem guramaga taýýardyr. Restoranda her gün DJ-iň sazlary ýaňlanýar, bu bolsa täze binada özboluşly atmosferany döredýär.
Nirede wagt geçirmelidigini bolsa myhmanlar islegine görä saýlap bilerler: restoranyň içinde ýa-da açyk howada.
Dynç alýanlar üçin amatly bolmagyny nazarda tutup, Soltan Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň çägine naharlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.
Täze Soltan restoranynyň açylmagy Awazanyň gastronomiki sahnasyny köpdürli häsiýete eýe etmek bilen, bu ýere gelýänleriň göwnejaý dynç almagy üçin ýene-de bir ajaýyp ýere öwrüler diýip, restoranyň wekili pikirini paýlaşýar.
Restoran hepdäniň her güni irden sagat 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Telefon belgileri: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60, +993 (243) 5 90 50.