Awazada täze Rowaç kottejler toplumy ulanmaga berildi

Awazada täze Rowaç kottejler toplumy ulanmaga berildi

Şu gün Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan Rowaç kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şu günden dynç alşa çykan Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Habar berlişi ýaly, dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşylady.

Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.Prezident Serdar Berdimuhamedow täze gurlan Rowaç kottejler toplumynyň toý bagyny kesip, onuň hyzmat ediş merkezinde, kottejlerde, ýanaşyk deňiz kenarynda raýatlaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Ýeri gelende bellesek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan Sabyrly maşgala hususy kärhanasynyň, Kent gurluşyk hem-de Güneşli deňiz hojalyk jemgyýetleriniň buýurmalary esasynda gurlan täze toplum häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär.

Umumy meýdany 10 gektara deň bolan kottejler toplumynyň gurluşygyna geçen ýylyň ýanwarynda badalga berildi.Onuň açylmagy bilen, 200-e golaý täze iş orny döredi.Toplumyň çägindäki standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.

Ýene degişli makalalar

Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?
Awazada Rowaç kottejler toplumy açyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Rowaç kottejler toplumyny açdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Awaza sagdynlygyň mekany
“Ýaraglar, Amerikada Çagalaryň Ganhory”