Awazada pasla mahsus bolmadyk howa şertleriniň saklanmagy syýahatçylaryň sebiti terk etmegine getirýär

Awazada pasla mahsus bolmadyk howa şertleriniň saklanmagy syýahatçylaryň sebiti terk etmegine getirýär

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýaşaýjylar yssy howadan ejir çekýän mahaly, beýlekilerinde pasla mahsus bolmadyk güýçli ýagyşlar we salkyn howa saklanyp galýar.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dowam edýän salkyn howa zerarly bu ýere dynç almaga baran syýahatçylar köpçülikleýin öýlerine dolanýarlar.

Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndan we Aşgabatdan maglumat berýän habarçylary içerki syýahatçylaryň Awazanyň kenarynda deňizde suwa düşüp, Güne çoýunmak arzuwlarynyň puja çykandygyny aýdýarlar.

“Iýul aýy gelse-de, Awazada tomus paslynyň ortanjy aýyna mahsus bolmadyk salkyn howa saklanyp galýar. Awaza baran myhmanlar deňziň suwunyň hem sowukdygyny aýdyp, köpçülikleýin sebiti terk edýärler” diýip, ýakynda Awazadan gaýdyp gelen aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Balkanly syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň ençemesi hem bu ýagdaýlary tassyklap, munuň sebitiň myhmanhanalarynyň köp otagynyň boşap galmagyna, garbanyşhanalaryň we restoranlaryň uly maddy zyýan çekmegine getirýändigini belleýär.

“Şu günler iň abraýly hasaplanýan “Gämi”, “Berkarar” we “Hazar” myhmanhanalarynyň her birinde 30 adamdan köp syýahatçy ýok. Bu syýahatçylar hem, “suwa düşüp bolmaýar” diýip, bir günden öýlerine gaýdýarlar” diýip, myhmanhana işgäri üç aýlyk dynç alyş möwsüminiň birinji aýynda tas hiç bir myhmanhananyň girdeji alyp bilmändigini hem belledi.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Accuweather” websaýtynyň maglumatyna görä, 2-nji iýulda Awazada howanyň temperaturasy gündiz 29 gradusa çenli ýokarlanýar.

Myhmanhana işgärleriniň ençemesi adatça sebitde howanyň temperaturasynyň maý aýynyň ahyrynda 30-a golaýlap başlaýandygyny, iýulda bolsa 40-a golaýlaýandygyny aýdýar.

“Deňziň suwunyň gyzmagy üçin-de howanyň temperaturasy 30 gradus töwereginde yzygiderli görnüşde birnäçe hepdeläp saklanmaly bolýar” diýip, myhmanhana işgäri belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda ady agzalan myhmanhanalardan teswir alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginde adaty bolmadyk howa şertleri we tebigy hadysalar ýygjamlaşdy.

Käbir sebitlerde ýaşaýjylar yssydan we gurakçylykdan ejir çekýän bolsa, beýlekilerinde tozanly ýeller, şeýle-de güýçli ýagyşlar we munuň bilen bagly sil, suw joşmalary gaýtalanýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri adaty bolmadyk howa şertleri we tebigy hadysalar, olaryň ýurduň we ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada habar berip, mesele gozgamaýarlar.

Awazada iýun aýynyň başynda dynç alyş möwsümi yglan edilýär. Bu ýerde dört we bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň onlarçasy ýerleşýär we bularyň müňlerçe syýahatça hyzmat etmäge ukyplydygy aýdylýar.

Bu zolak esasan ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başynda bolan döwri döredildi we onuň gurluşygyna milliardlarça dollar möçberinde maliýe serişdesi harçlandy.

Ýöne dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetleriň wiza çäklendirmeleri we üzňelik syýasaty Awazany, şol sanda onuň myhmanhanalaryny daşary ýurtly syýahatçylardan mahrum edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi
Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Awazada dynç alýan raýatlar sebitden çykarylyp, emeldarlaryň gelmegine taýýarlyk görülýär
Günorta Koreýada Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden ýene pul ýygnalýar