Balkan welaýatynyň etrapdyr şäherleriniň kommunal hojalyk gulluklarynyň ýüzlerçe işgäri “Awaza” syýahatçylyk zolagynda arassaçylyk işlerini geçirmek üçin ýatymlyk iş saparyna ugradylýar.
“Prezident noýabryň aýagynda Balkanabada sapar edende Awazanyň’ üstünden hem geçip, bu sebitdäki ýagdaýlary tankyt edipdir. Munuň yzy bilen, kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri, şeýle-de beýleki býujetçiler giň gerimli arassaçylyk işlerine çekildi. Prezidentiň ýanwardan öň hem Awaza’ gelmegine garaşylýar. Şol sebäpli arassaçylyk güýçli depginde alnyp barylýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran balkanly resmileriň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri maý aýynda, koronawirus aladalary bilen bagly, Kaspide suwa düşmegi gadagan edipdi. Munuň netijesinde, "Awaza" dynç alyş zolagynda müňden gowrak raýat, aglaba myhmanhanalaryň işgärleri işini ýitiripdi.
“Işgärler wezipelerinden boşadylandan soňra, myhmanhanalaryň töwereklerinde haşal otlar peýda boldy, zir-zibil depeleri emele geldi” diýip, Awazadaky’ ýagdaýlar bilen tanyşan raýatlaryň biri habarçymyza ýagdaýlary suratlandyrdy.
Maý aýynda “Awazanyň” "Ýelken" ýahta kluby 300, Kongresler merkezi 100-e golaý, "Awaza" söwda merkezi 200 töweregi, "Tolkun" ýahta kluby 200, "Serdar", "Berkarar", "Hazar", "Gämi", "Watançy", "Hazyna" we welaýat myhmanhanalarynyň her biri 50-100 aralygynda işgäri işinden boşadypdy.
Şol pursat, olaryň näme sebäpden işden çykarylandygy barada myhmanhana resmileri tarapyndan düşündiriş berilmedi. Şeýle-de, işsiz galan raýatlara hiç bir maliýe kömegi hödürlenmedi.
“Awaza” girizilen çäklendirmeler myhmanhanalar pudagy bilen birlikde, sebitiň beýleki ulgamlaryna hem öz oňaýsyz täsirini ýetirdi.
“Içerki turizmiň togtamagy Türkmenbaşy şäheriniň ilatyna hem ýaramaz täsir ýetirdi. Şäheriň döwlet taksileriniň 70%-den gowrak sürüjisi işinden boşadyldy. Alyjylaryň ýoklugy sebäpli, ençeme söwda merkezi zyýana uçrap, ýapylmaga mejbur boldy. Häzir deňziň töweregine kim golaýlasa, oňa 500 manat möçberinde jerime ýazylýar” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şeýle-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Awaza” mümkin sapary boýunça Balkan welaýat häkimliginden kommentariýa almak başartmady.
Galyberse-de, soňky günler Balkanda býujetçiler “Awazadaky” arassaçylyk işleri bilen birlikde, ekin meýdanlarynda hem şugundyr ýygmaga mejbur edilýärler.
“Welaýatyň Türkmenbaşy, Balkanabat, Bereket etraplarynda ýygnaklar geçirilip, ekin meýdanyna özi gidip bilmeýän işçilerden öz ýerine bir adam ugratmak ýa-da 10 gün üçin 300 manat möçberinde degişli ýolbaşçylara pul tabşyrmak talap edildi” diýip, ýerli işgärleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Mary welaýatynda hem raýatlaryň mejbury şugundyr ýygym işlerine çekilýändigi barada yzygiderli maglumat berip gelýär.
Türkmenistanda pagta, şugundyr ýygymy bilen birlikde, bag ekmek we ekilen baglara ideg etmek, pileçilik ýaly aslynda düşewüntli hasaplanan işler hem bireýýäm durşuna mejbury zähmete öwrüldi diýip, synçylar aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.