Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy

Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi.

Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, Bolgariýadan, Wengriýadan, Finlýandiýadan, Daniýadan, Serbiýadan, Italiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan we Ukrainadan wekiliýetler ýygnandy.

“Seýrana” myhmanhanasynda gurnalan serginiň açylyş dabarasyna köp adam ýygnandy.Hormatly ýaşululardan, ýerli dolandyryş edaralaryň wekillerinden başga-da, bu ýere Awazada dynç alýan köpsanly syýahatçylar, şol sanda dünýäniň dürli ýurtlaryndan hem-de künjeklerinden biziň deňizdäki dynç alyş ýerimize gelenler gatnaşdylar.

Myhmanhananyň öňündäki owadan bezelen meýdançada baýramçylyk görnüşleri olaryň göwnüni göterdi. Şeýle hem bu ýerde ak öýler dikilipdir, olaryň ýanynda türkmen tagamlarynyň dürli görnüşleri görkezildi, amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň toplumlary, halylaryň hem-de şaý-sep bezegleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Aýdym-sazly etnografiki çykyş dabaranyň milli öwüşgünini artdyrdy. Döredijilik toparlary hem-de estrada artistleri tomaşaçylary özboluşly aýdymlary hem-de tanslary bilen maýyl etdi.

Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşinde, ýurdumyzyň ruhy we medeni kuwwatyny açyp görkezmekde syýahatçylyk pudagyna möhüm orun berip, özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, syýahatçylygy guramak babatda hem-de sagaldyş-dikeldiş ulgamda halkara tejribe alşylmagyna uly üns berýändigi nygtaldy.

Sergide ýigrimiden gowrak daşary ýurt kompaniýalary—milli syýahatçylyk agentlikleri, şypahana dynç alyş ulgamynda, myhmanhana işewürliginde hem-de beýleki garyşyk ugurlarda işleýän guramalar we kärhanalar diwarlyklaryny görkezdiler. Sergä gatnaşýan daşary ýurtlularyň arasynda

ukrain Resort Hotel Karpaty dynç alyş myhmanhanasy, Belarusda syýahatçylyk hyzmatlaryny esasy ýerine ýetirýän BelAgroTrewel, Polşanyň Rainbow Tours SA syýahatçylyk operatory, Dubaýyň meşhur AL Rakyah Tourism kompaniýasynyň rus bölümi, Tours France fransuz kompaniýasynyň sebit wekilhanasy, SPA hyzmatlaryna ýöriteleşen Çehiýanyň Astra syýahatçylyk agentligi, Eýranyň Fardis Parwaz syýahatçylyk şereketi hem-de Bek Tour diýen özbek kompaniýasy, Hytaýdan birnäçe täjirçilik kärhanalary we beýlekiler bar.

Hyzmatdaşlyk etmegiň serişdelerini hem-de täze teklipleri aýdyň görkezen gözden geçirilişe Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hemme esasy bölümçeleri hem-de ýurdumyzyň hünär ugurly hususy kärhanalarynyň 60-a golaýy, Awazanyň myhmanhanalary gatnaşýar. “Ýelken” ýaht-kluby bolsa beýan ediş serişdeleri arkaly suwuň ýelkenli görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de suwda wagtyňy işjeň geçirmek üçin öz hyzmatlarynyň gerimi barada gürrüň berdi.

Sergi Türkmenistanyň hem-de onuň welaýatlarynyň ajaýyp syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, syýahatçylyk ulgamynyň ýagdaýylary, dynç alşyň dürli görnüşleriniň guralyşy, medeni-aň bilim hem-de ülkäni öwreniş işleri barada iň soňky maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, sergä gelen daşary ýurtlular we oňa gatnaşyjylar Dokma senagaty ministrliginiň hem-de “Türkmenhowaýollary” gullugynyň hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen tanşyp biler.

Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň açylyş dabarasyndan soň, umumy mejlisiniň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri çykyş edip, bu ýere ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanan syýahatçylyk toplumyny innowasion taýdan ösdürmegiň strategiýasy we ileri tutulýan ugurlary, medeni we tebigy mirasynyň köpdürlüligi arkaly beýan edilen esaslary bilen tanyşdyrdylar.

Sport syýahatçylygy hem-de“Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe ýurdumyzyň halkara derejesindäki iri ýaryşlary guramakda hem-de myhmanlary kabul etmekde toplan gymmatly tejribesi maslahatyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Mälim bolşy ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin paýtagtymyzda giň möçberli taýýarlyk işleri geçirildi.Täze howa menzili, Aşgabadyň bezegine öwrülen Olimpiýa şäherjigi, aýratyn-da, ahalteke bedewiniň belent keşbi bolan Olimpiýa stadiony, beýleki täsin sport desgalary ýaly, ägirt uly binagärlik-düzümleýin taslamalarda hem aýdyň beýanyny tapdy.

Oýunlaryň geçýän döwründe paýtagtymyza altmyşdan gowrak ýurtdan diňe bir sport wekiliýetleri däl, eýsem-de, syýahatçylaryň we tomaşaçylaryň, janköýerleriň, žurnalistleriň köpsanly toparlary geldi.Olaryň ählisiniň ýokary derejede kabul edilmegi üpjün edildi, olara hyzmat hem-de gezelençler hödürlenildi.

Ýurdumyzyň myhmanhanalarynda myhmanlary türkmen myhmansöýerliginiň hemme däpleri boýunça kabul etdiler. Şonuň bilen birlikde hem Aziada gabatlanyp myhmanhana hojalygy täzelendi hem-de ajaýyp ýagdaýa getirildi, oýunlaryň nyşanlary we keşpleri, Wepaly diýen alabaýyň şekilleri bilen mynasyp bezelmegi hem oýlanyşykly ýerine ýetirildi.

Degişli taýýarlygy geçen tejribeli aşpezler dünýäniň dürli ýurtlarynyň aşhanalarynyň datly naharlaryny hödürlediler, şunda däp bolan türkmen tagamlary aýratyn islegden peýdalandy. Şularyň ählisi hem-de amatlylygyň we hyzmatlaryň ýokary derejesi syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Bu iri sport wakasy dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyz, şol sanda onuň syýahatçylyk üçin gözel ýerleri bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi hem-de Türkmenistanda sport syýahatçylygynyň ösdürilmegine uly itergi berdi.

Ýurdumyzyň ähli syýahatçylyk kärhanalary hem oýunlary wagyz etmäge we üstünlikli geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşdular.Olar şol döwür üçin 5, 7 we 13 güne niýetlenen toplumlaýyn syýahat etmegi ýörite işläp düzdüler. 2013-nji ýyldan başlap, halkara pudaklaýyn sergilere yzygiderli gatnaşýan türkmen syýahatçylyk kompaniýalary Aziada taýýarlyk görlüşiniň barşyny beýan etmek boýunça işleri hem alyp baryp, dürli ýurtlarda Aşgabat we umuman, Türkmenistan barada gürrüň berdiler.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan paýtagtymyzyň häkimligi hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy bilen bilelikde ugur görkeziji gollanmalar taýýarlanyldy we köpçülikleýin nusga bilen neşir edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň hem-de Aşgabadyň syýahatçylyk kartalary, şol sanda daşary ýurtlarda degişli žurnallaryň we beýleki neşir önümleriniň müňlerçesi neşir edildi.

Ýokary derejeli tanyşdyryjylary hem-de terjimeçileri täzeden taýýarlamak maksady bilen, şu ýylyň tomsunda Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti UNESKO bilen bilelikde ýörite okuwlary guradylar. Şol okuwlary syýahatçylyk tanyşdyryjylarynyň Assosiasiýalarynyň Bütindünýä federasiýasynyň tälimçileri geçirdiler. Döwlet we hususy pudaklaýyn kärhanalarynda işleýän tanyşdyryjy-terjimeçiler üçin hünäri ýokarlandyryş okuwlary Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem guraldy.

Aziýa oýunlaryna daşary ýurtly adamlary has köp çekmek üçin türkmen hünärmenleri tarapyndan ýurdumyza gelýän syýahatçylyk akymlary seljerildi.Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan syýahatçylaryň sanynyň artmagyna Ýewropadan we Amerikadan, şeýle hem Uzak Gündogardan ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň köpsanly möçberini çekmekde gazanylan oňyn tejribäni peýdalanmak bilen ýardam etmek wezipesi öňde goýuldy.

Munuň Aziýanyň iri sport baýramçylygy bolandygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Eýran Yslam Respublikasy, HHR, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Hindistan we beýleki ýurtlardaky ilçihanalarynyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiligini wagyz etmek, “Aşgabat 2017” oýunlaryny mahabatlandyrmak boýunça dürli çäreler guraldy. Şeýle hem munuň özi türkmen syýahatçylygynyň geljegine gönükdirilen işler boldy.

Sport syýahatçylygy Türkmenistanyň uly kuwwata eýe bolan täze ugrudyr. Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň öňünde bu ugry ösdürmek boýunça uly wezipe durýar. Munuň üçin bizde hemme şertler we mümkinçilikler—häzirki zaman halkara howa menzili, täze uçarlar, demir ýol ulgamynyň täze düzümi, ýollar, ajaýyp myhmanhanalar, tejribeli hünärmenler, köp dilleri bilýän tanyşdyryjy-ussatlar bar.

Taryhy-ülkäni öwreniş syýahatçylygynda bazar ugurlaryny eýelemek üçin hem anyk işler alnyp barylýar: şu maksat bilen, türkmen wekiliýetleri halkara kongreslerine we maslahatlaryna gatnaşdylar, hünärmenlerimiz dünýäniň abraýly syýahatçylyk neşirleriniň sahypalarynda çykyş etdiler. Sebitiň birnäçe ýurtlaryny özünde jemleýän täze utgaşdyrylan syýahatçylyk ugurlary iri daşary ýurt syýahatçylyk operatorlary bilen üstünlikli hereket etmegiň nusgalyk mysallarynyň biri boldy.

Ýewropa, Amerika we Gündogar Aziýa ýurtlarynyň syýahatçylary köplenç Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlary, şol sanda Türkmenistany özünde jemleýän syýahatçylyk ugurlaryny satyn alýarlar.

Maslahata gatnaşyjy daşary ýurtlular öz çykyşlarynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde gatnaşyk etmekden başlap, hünär bilimi, okuw we iş maslahatlaryny guramak babatda hyzmatdaşlyk etmäge çenli meseleleriň giň toplumyna degip geçdiler. Syýahatçylygyň parahatçylyk döredijilikli orny aýratyn nygtaldy, çünki ol beýleki ýurtlaryň taryhyny, däp-dessurlaryny we mirasyny bilmäge kömek edýär. Şonuň netijesinde milletara medeni we dostlukly gatnaşyklar berkeýär.

Özara pikir alyşmalar bu ulgamyň ösdürilmegine dürli çemeleşmeleri hödürlemäge, pudakda üstünlikli işleýän kompaniýalaryň peýdaly işläp düzmelerini seljermäge, bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurt düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň has nusgalyk mysallaryna garamaga mümkinçilik berdi.

Ertir maslahat bölümçeler boýunça öz işini dowam eder. Şol bölümçeleriň biri “Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy” “Seýrana” myhmanhanasynda, beýlekisi “Syýahatçylykda bilim we ykdysady innowasiýalar” “Hazar” myhmanhanasynda geçiriler. “Syýahatçylygyň ösüşiniň ekologiýa meselelerine” bagyşlanan bölümçe “Şamekan” myhmanhanasynda bolar.

Maslahat Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Ýene degişli makalalar

01.11.2017 | Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
Abu-Dabiniň täze meýilnamasy
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorka iş saparyny tamamlap, Türkmenistanly žurnalistler Serhetsiz Hazar bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldular, Altyn Asyr we Merw AFK kubogynda çykyşlaryna başlaýarlar we beýleki habarlar
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçiriljek syýahatçylyk sergisine gatnaşar
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçirilýän halkara syýahatçylyk forumyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçirilýän syýahatçylyk forumyna gatnaşýar