Awazada dynç alýan raýatlar sebitden çykarylyp, emeldarlaryň gelmegine taýýarlyk görülýär

Awazada dynç alýan raýatlar sebitden çykarylyp, emeldarlaryň gelmegine taýýarlyk görülýär

Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan raýatlar myhmanhanalardan çykarylyp, döwlet emeldarlarynyň gelmegine giň gerimli taýýarlyk görülýär.

Bu waka, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

12-nji iýulda geçirilen hökümet mejlisinde olaryň, hemişe bolşy ýaly, Awazada, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdigi aýdyldy.

“Iýulyň 29 senesinden başlap Awazanyň myhmanhanalarynda adaty raýatlara bron berilmegi togtadyldy. Hut welaýat häkiminiň tabşyrygy esasynda myhmanhanalarda dynç alýan adaty raýatlardan 30-njy iýula çenli Awazadan gitmek talap edildi” diýip, bir myhmanhana işgäri anonim şertde 24-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Myhmanhana işgärleri munuň döwlet emeldarlarynyň maşgala agzalary bilen bilelikde, awgust aýynyň başyndan ahyryna çenli aralykda öz ministrligine degişli myhmanhanalarda dynç almaga geljekdigi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Mysal üçin, “Merdana” otel diňe Goranmak ministrliginiň ofiserlerine we maşgala agzalaryna, “Berkarar” otel Türkmenistanyň Mejlisiniň aşaky palatasynyň işgärlerine we maşgala agzalaryna, “watançy” otel hukuk goraýjylara we maşgala agzalaryna, “Şowhun” otel medeniýet işgärlerine we maşgala agzalaryna niýetlenendir. Garaz, deňiz suwy indi ýylap başlanda, ýönekeý raýatlar kowlup, ýokary derejeli emeldarlar dynç almaga getirilýär” diýip, myhmanhana işgäri anonim şertde aýtdy.

Munuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we onuň düzümindäki Awazada giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär.

“22-23-nji iýulda Awaza-Türkmenbaşy ýolunda we Türkmenbaşynyň howa menzilinden Awaza çenli aralykdaky ýolda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Şäher ýaşaýjylary öz ýaşaýan etrapçalaryna barmak üçin aýlanma ýollardan geçmeli boldular. Bu, adamlaryň adatça 15 minutda barýan menziline 3 sagatda aşmagyna getirdi” diýip, şäher ýaşaýjysy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz sebitde howpsuzlygyň hem güýçlendirilendigini, raýat we polisiýa eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň sanynyň göz-görtele artandygyny belledi.

“Iki gün bäri welaýat häkiminiň, welaýat MHM-niň we Polisiýa müdirliginiň ýolbaşçylarynyň hut özleri Türkmenbaşa we Awaza aýlanyp, arassaçylyk işlerine we howpsuzlyk çärelerine gözegçilik edýärler. Olar ýene bir hepdeden ýokary wezipeli myhmanlar we olaryň maşgala agzalary ýurduň günbatar sebitine gelenlerinde, ähli ýerleriň gül ýaly bolmalydygyny aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly polisiýa işgäri anonim şertde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Awazanyň degişli häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri ýurduň ýolbaşçy düzümi awgust aýynda Awazada dynç alýar. Sebitde giň gerimli arassaçylyk işleriniň geçirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi bilen bagly ýagdaýlar her ýyl gaýtalanýar. Geçen ýyl habarçylarymyz sebite dynç almaga gelen raýatlaryň “üç arka” barlagyndan geçirilýändigini hem aýdypdylar. Mundan başga-da, häkimiýetler bazarlary dürli tropiki miweler bilen üpjün edip, “azyk bolçulygyny” hem döretmäge çalşypdylar.

Resmi media ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň Awazada dynç alýandygy barada reportažlary görkezse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýar.

Bu aralykda, türkmenistanlylaryň ençemesi Hazar deňziniň türkmen kenarynda suwuň gyzyp başlamagy bilen, Awazanyň myhmanhanalarynda iýul aýynda emeli ýer gytçylygynyň döredilýändigini hem habar berýär.

“Myhmanhanalar boş dursa-da, parahorluk, tanyş-biliş arkaly otaglar uly para öwezine berilýär. Içerki syýahatçylar Awazada dynç almagyň gaty gymmatdygyny aýdyp, ýurtdan çykyp bilseler, Dubaýda ýa-da Wýetnamda dynç almak üçin soralýan puluň Awaza edilen çykdajydan az bolýandygyny aýdýarlar” diýip, maryly bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Bu maglumaty myhmanhana işgärleri hem tassyklap, adaty raýatlar üçin ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlarynyň hem aşa gymmada düşýändigini aýdýarlar.

“Awazanyň islän otelinde bir adam üçin ertirligiň bahasy 250-400 manada, günortan nahary 350-500 manada, agşamlyk nahary 700 manada çenli bolup bilýär. Awazada 1,5 litr plastik gapdaky gazsyz suw 25 manat bahalanýar. Galan zatlaryň bahasyny aýtmaýyn, “kosmos” bahadan” diýip, myhmanhana işgäri belledi.

Ol iki adamyň 10 günlük dynç alşynyň azyndan 25 müň manada barabar bolýandygyny aýdyp, mysal üçin, ýurtda orta mekdepleriň mugallymlarynyň alýan aýlyk zähmet hakynyň 2-3 müň manada barabardygyna ünsi çekýär.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetleriň wiza çäklendirmeleri we üzňelik syýasaty gurluşygyna milliardlarça dollar möçberinde maliýe serişdesi harçlanan Awazany, şol sanda onuň myhmanhanalaryny daşary ýurtly syýahatçylardan mahrum edýär.

Seýrek wakalaryň birinde, maý aýynyň ahyrynda gämi arkaly Bakuwdan Türkmenbaşa baran rus bloggeri Zenau Anton Awazanyň myhmanhanalarynyň birinde bir gije galmak üçin özünden takmynan $700 soralandygyny aýdýar.

Ol YouTube kanalynda çap eden wideosynda başga bir myhmanhanade bolsa, özünden $55 töweregi soralandygyny, ýöne bu ýerde galmak üçin ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýörite resmi hatyň bolmalydygyny belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Awaza döwlet emeldarlarynyň dynç alşyna taýýarlanýar
8-10-njy noýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Türkmenistanyň Prezidenti bir aýlyk zähmet rugsadyna çykar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler
Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar