Awazada bolsaňyz, hökman Soltan restoranyna baryp görüň

Awazada bolsaňyz, hökman Soltan restoranyna baryp görüň

Awazada ýerleşýän Soltan restoranynyň menýusy — munuň özi tagama inçelik bilen baha bermäge ukyply gurmanlar üçin örän özboluşly täsinlik diýsegem hakykatdan daş düşmeris. Bu ýerde Ýewropanyň nusgawy görnüşlerinden başlap, Gündogaryň adaty, däp bolan naharlaryna çenli dünýäniň dürli aşhanalarynyň tagamlary hödürlenilýär. Her bir myhman, isle tagamly et ýa-da täze balykdyr datly desertler bolsun, öz islegine kybap gelýän nahary tapyp biler.

Bu ýerde täze balyk tagamlarynyň köpdürli görnüşleri hödürlenýär. Olardan mysal üçin, mangalda osetrinadan taýýarlanylan steýk, osetrinadan kebap, gowrulan sazan, ýeralma püreli ýa-da tüwüli, kedr hozly sudak filesi, rizottoly sazan, mangalda ýa-da peçde taýýarlanylan kefal, hamsa, mangalda ýa-da gowrulan byçok, şeýle hem krispi krewetkalary ýaly tagamlary aýratyn bellemek bolar.

Her bir myhman üçin rahat we oňaýly

Soltan restorany myhmanlaryň özlerini oňaýly duýmagyny göz öňünde tutup, olaryň iň rahat ýeri saýlap almagy üçin dürli hili dynç alyş gurşawyny hödürleýär.Giň gurşawly esasy zal maşgala naharlary we dostlukly ýygnaklar üçin amatlydyr.

Panoramik deňiz görnüşleri bolan açyk eýwan — romantik agşamlyk ýa-da dostlaryňyz bilen dynç almak üçin örän ajaýyp ýer. Ýekelikde dynç almagy makul bilýänler üçin bolsa rahat we ümsüm dynç alyp boljak burçlar bardyr.

Islendik çäre üçin juda göwnejaý ýer

Özüniň köpdürli tagamlary we ýokary derejeli hyzmatlary bilen Soltan restorany dürli çäreleri guramaga laýyk gelýär. Bu ýerde hem kiçi maşgala baýramçylygyny, hem-de uly göwrümli oturylyşyk dabarasyny gurap bilersiňiz. Restoranyň tejribeli hünärmenleri islendik dabarany ýatdan çykmajak görnüşde, aňrybaş derejede guramaga ýardam ederler.

Ýer belläp goýmak we goşmaça gyzyklandyrýan maglumatlary almak üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60, +993 (243) 5 90 50. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

Awazadaky Soltan restorany gaýtalanmajak deňiz gözelligini we romantik gurşawy hödürleýär
Awazadaky Soltan restorany: ajaýyp aşhanalar we deňiz kenaryndaky dynç alyş gurşawy
Dejavu restorany çagalar üçin Täze ýyl balyna çagyrýar
Dejavu restorany baýramçylygy lezzetli tagamlar bilen bellemäge çagyrýar
Katmer: Aşgabada eltip bermek hyzmaty bilen köpdürli türk süýjülikleri
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar