Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden ýene pul ýygnalýar

Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden ýene pul ýygnalýar

Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalary öz işgärlerinden 50-80 manat aralygynda pul ýygnaýar. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu pula Awaza syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalara ýollanma satyn alynjakdygy aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ynamdar çeşmeleri Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan maglumat berdiler.

“Edara-kärhanalar, olarda işleýän işgäriň sanyna görä, her bir işgärden 50-80 manat aralygynda pul toplaýar. Bu pula Awaza ýollanma satyn alnyp, kärdeşlerimizden bir ýa iki sanysy dynç alşa iberilýär” diýip, balkanly býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Welaýat häkimlikleri edara-kärhanalardan we käbir hususy kompaniýalardan, göwrümine görä, bir ýa-da iki sany ýollanma satyn almagy talap edýär. Döwlet edara-kärhanalary bolsa, bu ýollanmanyň tölegini işgärlerden toplaýar.

“Awazada ýurtdaky her bir welaýatyň adyny göterýän myhmanhanalar bolup, býujet işgärleri öz welaýatlarynyň adyny göterýän myhmanhanalara ýollanýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly çeşmämiz gürrüň berdi.

Lebaply býujet işgärleriniň ençemesi nobatdaky gezek pul ýygnalmagyna nägilelik bildirip, özleriniň dürli basyşlara we haýbatlara sezewar edilýändiklerini aýdýar.

“Puluň toplanmagyna nägilelik bildirýän kärdeşlerimize iş ýerlerinde dürli kynçylyklaryň döredilip bilinjekdigi duýduryldy” diýip, türkmenabatly saglyk işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Hazar deňziniň kenarynda esasan bäş ýyldyzly myhmanhanalardan emele gelýän Awazada tomus paslynyň başynda dynç alyş möwsümi yglan edilýär.

Ýöne lebaply býujet işgärleri milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänleriň sanynyň juda çäklidigini, sebäbi ýollanmalaryň dynç alyş möwsüminde myhmanhanalaryň ähli amatlyklaryny öz içine almaýandygyny aýdýarlar.

“Myhmanhanalarda ýollanma esasynda bir gün dynç almagyň bahasy 240 manat. Bu bahada diňe mugt ertirlik we otag bar. Galan çykdajylary, şol sanda öýlänlik, agşamlyk naharlaryny we beýleki çykdajylary dynç alşa barýanyň özi tölemeli. Köp işgär üçin bu ýagdaý çynlakaý maliýe ýüküne öwrülip, olaryň maşgala býujetine ep-esli zarba urýar” diýip, lebaply býujet işgäri belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkanyň, Lebabyň we Marynyň welaýat häkimliklerinden teswir alyp bilmedi.

Awaza syýahatçylyk zolagy esasan ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başynda bolan döwri döredildi we onuň gurluşygyna milliardlarça dollar möçberinde maliýe serişdesi harçlanypdy.

Ýöne dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetleriň wiza çäklendirmeleri we üzňelik syýasaty Awazany, şol sanda onuň myhmanhanalaryny daşary ýurtly syýahatçylardan mahrum edýär.

Ýerli synçylaryň birnäçesi häkimiýetleriň boş duran myhmanhanalary býujet işgärleriniň maliýe serişdesiniň hasabyna doldurmaga çalyşýandygyny aýdyp gelýär.

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalary öz işgärlerinden Awaza ýollanma satyn almak üçin pul ýygnamak tejribesini ençeme ýyl bäri amal edip gelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň dürli sebitlerindäki habarçylary geçen ýylyň dekabr we mart aýlarynda hem habar beripdiler.

Türkmenistanyň resmi media serişdeleri Awaza syýahatçylyk zolagynyň amatly dynç alyş mümkinçilikleri barada habar berse-de, býujet işgärlerinden ýollanmalar üçin toplanýan pullary agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Awazada dynç alýan raýatlar sebitden çykarylyp, emeldarlaryň gelmegine taýýarlyk görülýär
Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”
Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
23-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Günorta Koreýada Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Awazada pasla mahsus bolmadyk howa şertleriniň saklanmagy syýahatçylaryň sebiti terk etmegine getirýär