8-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady, bu ýerde halkara derejeli häzirki zaman deňiz şypahanasy kemala geldi.Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.Az wagtdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy we ýolugra bu ajaýyp künjekde dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen ýetirildi. “Awazanyň” çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam Gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär.
Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän “Ekowelosiped bekedi” diýip atlandyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi.Soňky ýyllarda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz ekologiýa taýdan arassa diýlip ykrar edilen sportuň bu görnüşiniň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny belläp, hyzmatlaryň şeýle görnüşlerini yzygiderli ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.Bu ýerde ilata edilýän hyzmatlar üçin häzirki zaman töleg ulgamynyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek, munuň özi olaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de peýdalanyjylar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine ýardam berer.Milli Liderimiz beketleri işletmegiň hem-de olara berilýän mümkinçilikler baradaky meselä ünsi çekip, welosipedli ýoluny dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra gidip barşyna Awazanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işleri, onuň çäklerinde döredilýän gök zolaklary giňeltmek, seýilgähleri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça welosiped sürüp barşyna welosipedde gurnalan enjamyň kömegi bilen beketde agtygy Kerimiň döreden “Ýaşa, Türkmenistan!
Bedew bady bilen diňe öňe!” diýen täze saz eserini diňledi.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dynç almak üçin amatly şertleriň döredilmeginde şeýle ajaýyp sazlara aýratyn orun degişlidir, köpýyllyk tejribeden görnüşi ýaly, saz adama oňyn täsir edýär, onuň ruhuny göterýär, sagaldyş çäreleriniň netijeliligini güýçlendirýär.
Kerim Berdimuhamedowyň täze saz eseri öňki döreden birnäçe şunuň ýaly saz eserleri bilen bilelikde diňleýjileriň kalbynda mähirli orun tutýar.Bu bolsa öz işiniň ussatlaryndan sapak alan Kerimiň döredijilik ylhamyny ynamly kämilleşdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewanyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimiň düzen sazyna aýdym döretmegiň üstünde işleýärler.Milli Liderimiz deňiz şypahanasynda dynç almagyň dürli görnüşlerini ösdürmegiň ähmiýetini belläp, dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlar toplumyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz “Ekowelosiped beketlerinde” hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.Milli Liderimiz şeýle hem şypahana zolagynyň sport ulgamynyň ösdürilmegine, bu ýerde köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek hem-de dynç alýanlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça işlere aýratyn üns berilmelidigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz Watançy myhmanhanasynyň çägine gelip, öz welosipedini bu ýerde gurnalan “Ekowelosiped bekedinde” goýdy.Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, içeri işler düzüminde polisiýanyň ekowelosiped toparyny döretmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu topary her ýyl sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň dowamynda, şeýle hem mekdeplerde we çagalar edaralarynda guralýan şonuň ýaly çärelerde düşündiriş wagyz işleri görnüşinde peýdalanmak maksadalaýyk bolar.TÄZE KOTTEJLERTOPLUMY GURLARSoňra milli Liderimiz sebitleri ösdürmegiň çäklerinde, hususan-da Awaza milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şunda, esasan, kottej görnüşli taslamalar hödürlenilýär, olary kenarýakada bina etmek meýilleşdirilýär, bu ýerde binalaryň aýratynlyklary barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berilýär, dürli çyzgylar we taslamalar görkezilýär.Gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň hatarynda kottej görnüşli jaýlar, suw arassalaýjy desga, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalar, tomusky restoran bar.
Bu taslamalary amala aşyrmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylar.Bellenilişi ýaly, toplumyň umumy meýdany 10 gektara deň bolup, onda ýylyň islendik paslynda ýaşamak hem-de dynç almak üçin has amatly şertler dörediler.
Kottej toplumynda jemi 768 adama niýetlenen 192 otag ýerleşdiriler.Mundan başga-da, onuň çäginde türkmeniň “ak öýi” görnüşindäki desga gurlar.Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, olar işlenip düzülende ýerli tebigatyň aýratynlyklary hasaba alynmalydyr hem-de adamlaryň dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ekologiýa meselesi hem ünsden düşürilmeli däldir diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz şunuň ýaly desgalaryň gurluşygynda olary ulanmagyň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.Milli Liderimiz hödürlenilen taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça satyn alnan täze gämini synlamak üçin ýoluny dowam etdi, bu gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetirdi.
Ol syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenendir.Täze gämini garşylamak dabarasy milli däp-dessurlara laýyklykda guraldy. Öňden gelýän adata laýyklykda, oňa un sepildi, alaja daňyldy, üzärligiň tüssesi berildi. “Rowaç” diýlen ady alan gäminiň ýanynda saklanyp, hormatly Prezidentimiz onuň kapitanynyň hasabatyny kabul etdi.
Milli Liderimiz kapitany täze gäminiň gelip gowuşmagy bilen gutlap, şowly ýüzüş arzuw etdi.Hormatly Prezidentimiz gäminiň deňze çykmagyna ak pata berip, egindeşleri bilen gämä mündi we deňizde gezelenç etdi.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi ösüş we abadançylyk ýoly bile ynamly öňe barýan Watanymyzyň täze taryhynda ýene bir möhüm sahypany açdy, ägirt uly üstünlikleriň we belent sepgitleriň beýanyna öwrüldi.
Deňiz tolkunlaryny batyrgaý böwsüp geçýän bu ajaýyp gämi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly nyşanydyr.Hormatly Prezidentimiz gämide ýüzüş wagtynda bu künjekde syýahatçylygyň ösdürilmegi, deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.