Awaza gitmegi onlaýn resmileşdirmek boýunça gözükdirme

Awaza gitmegi onlaýn resmileşdirmek boýunça gözükdirme

15-nji maýda Hazaryň türkmen kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda resmi taýdan tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Syýahata ugramak üçin dynç almak isleýänleriň birnäçe kadalary, şol sanda onlaýn proseduralary berjaý etmekleri zerur. TmCars.info saýtymyz ORIENT salgylanyp, düzgünleri dykgatyňyza ýetirýär.

Bellik: Awaza gitmegi resmileşdirmegiň düzgünleriniň üýtgemegi mümkin. Şeýle bolan ýagdaýynda şu habara üýtgeşmeler giriziler. Gözükdirme 2022-nji ýylyň 14-nji maýyna degişlidir.

Zerur resminamalar Awaza dynç alşa gitmek üçin şu aşakdakylaryň elektron nusgalaryny görkezmeli:

Awaza syýahatçylyk ýollanmasyny kärdeşler arkalaşygynyň degişli bölümine ýüz tutup, iş ýeriňden we syýahatçylyk agentlikleriniň üsti bilen alyp bolýar. COVID-19-a garşy sanjym alnandygy hakyndaky güwänama sanjym alan saglygy goraýyş edaraňyzda berilýär.

Myhmanhanadan ýer bronlamak Awaza.gov.tm onlaýn saýtynda Awazanyň myhmanhanalarynyň islendiginden ýer bellemek bolar. Munuň üçin:

Şeýle-de, Awazanyň käbir myhmanhanalaryndan ýeri myhmanhananyň gönüden-göni öz saýtyna girmek arkaly hem bronlap bolar, mysal üçin — Bagtyýar myhmanhanasyndan.

Elektron rugsatnamany resmileşdirmek Awaza gitmek üçin Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň saýtynda elektron rugsatnamany resmileşdirmeli. Munuň üçin:

Migrasiýa gullugy siziň beren maglumatlaryňyzy seljerer we şahsy otagyňyza elektron rugsatnamany ýollar we bu barada bellige aldyraňyzda görkezen telefon belgiňize SMS ugradyp, sizi habarly eder.

Uçara petek satyn almak

Uçar petegini Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi saýtyndan we Android hem iOS üçin mobil goşundydan, ýa bolmasa Google Play-de we App Store-de elýeter bolan Saraý mobil goşundysyndan satyn alyp bolar.

Ýene degişli makalalar

Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip başlandy - çeşmeler
Ýokary okuwa barýan ýedi talyp Aşgabadyň aeroportunda Russiýa goýberilmedi
Aşgabadyň aeroportunda uçara goýberilmedik türkmen raýaty öz janyna kast etmäge synanyşdy
Russiýa syýahatçylyk wizasy bilen barýan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagy kynlaşdy
Balkanda býujetçiler migrant garyndaşlary sebäpli basyşa sezewar bolýar, lebaplylar Russiýa goýberilmeýär
Raýatlaryň daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen wakalar köpelýär
Bägül: Gaýrat edip, meni ýolumdan saklamaň, meni uçara goýberiň