Awaza ajaýyp deňiz merjeni

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda adam hakynda alada döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu alada ilkibaşda saglyk hem-de durmuş ugurlaryny gurşap alýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň agramly bölegi durmuş pudagyna gönükdirilýär. Şonuň netijesinde hem ylym-bilim, saglygy goraýyş ýaly pudaklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Häzirki günlerde tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Ildeşlerimiziň aglabasy zähmet rugsadyna çykyp, göwnejaý dynç almak hem-de saglygyna seretdirmek, dürli bejergiler almak üçin Hazar deňziniň ajaýyp kenaryna ýa-da dünýäde meşhurlyga eýe bolan şypahanalara gidýärler, şeýle-de ýurdumyzyň gözel ýerlerine syýahat edýärler.

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygynyň berkidilmegi ugrunda köp işler durmuşa geçirilýär.Ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak işinde döwrebap saglygy goraýyş edaralary bilen bir hatarda şypahana ulgamy hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän şypahanalarda saglygyny dikeldýänleriň sany barha artýar. Ýylyň dört paslynda-da ol ýerler köp adamly.

Awaza, Arçman, Ýyly suw, Berzeňňi, Mollagara, Farap, Baýramaly, Daşoguz, Bagabat ýaly şypahanalar häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy.Bu ýerler saglyklaryny dikeltmäge gelýänlere ýokary derejede, dünýä ülňülerine laýyk hyzmat etmekde ähli mümkinçiliklere eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary netijesinde, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň ähli şypahanalarynda dynç almak hem-de saglygyňa seretdirmek üçin ähli şertler döredildi. Tomusky dynç alyş möwsüminde Awaza milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän hyzmatlary has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlary açyldy.

Jana şypaly howasy, arassa suwy, altynsow çägesi bolan Hazaryň kenarynda gysga döwrüň dowamynda döredilen sagaldyş-dynç alyş toplumy tiz wagtda täze derejä eýe boldy. Awaza milli syýahatçylyk zolagy bu gün özüniň haýran galdyryjy tebigy landşafty, deňiz akwatoriýasy, täsin gözellikleri, ýokary derejeli myhmanhanalar toplumy, owadan desgalary bilen syýahatçylary özüne çekýär.

Gadymy döwürlerden bäri adamlaryň deňziň kenaryna çykmagy bilen, ynsan bilen deňiz arasyndaky aýrylmaz baglanyşyk emele gelipdir. Ýer ýüzüniň üçden iki bölegini eýeleýän ummanlar we deňizler özüne aýawly çemeleşilende ondan peýdalanýanlara diňe peýda getiripdir.

Deňziň adam saglygyna ýetirýän oňaýly täsiri we ýakymy Gün şöhlesinde, deňziň ekologiýa taýdan arassa suwunda hem-de howasynda jemlenýär.Deňiz suwunyň keseli bejeriji we saglygy dikeldiji häsiýetleri gadymy Müsürde belli bolupdyr.

Tebigatyň bir bölegi bolan deňziň berýän peýdasyna göz ýetiren adamlar onuň kenarynda dürli dynç alyş merkezlerini gurup başlapdyrlar.Deňizde suwa düşmegiň, howasyndan dem almagyň keselleriň öňüni almakdaky, bejermekdäki hem-de saglygy dikeltmekdäki ähmiýetini öwrenmek babatda alymlar tarapyndan giň möçberli ylmy-barlag işleri geçirilipdir.

Gojaman Hazaryň kenarynda döredilen Awaza milli syýahatçylyk zolagy hem ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrundaky aladanyň nyşanydyr. Berkarar Watanymyzyň bu gözel künjeginde gysga döwrüň içinde gurlan desgalar kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, kottejler halkymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Deňziň sergin howasy, kesellere em ediji suwy, gyzgyn çägeli kenary dynç almak we saglygyny dikeltmek üçin bu ýere gelýän adamlarda ýakymly, ajaýyp duýgulary döredýär, şadyýanlyk, şähdaçyklyk bagyşlaýar. Deňziň tolkunlaryny synlap, rahatlandyryjy sesine diň salmak, derde derman howasyndan gursagyňy dolduryp dem almak adama lezzet berýär.

Häzirki wagtda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müňden gowragyny kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda 1380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezleri hem-de 9 sany kottejler toplumlary işleýär.

Dynç alýanlaryň hyzmatynda 4 sany seýilgäh bolup, olardan 2-si oýun attraksionly seýilgählerdir.Umumy meýdany 83600 inedördül metr bolan teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimlerini, amfiteatry, çagalar üçin attraksionly oýun meýdançalary, köpsanly kafeleri we restoranlary, gök zolaklary, tehniki desgalary öz içine alýan seýilgähler bu ýerde dynç alýanlaryň iň söýgüli ýerine öwrüldi.

Uzynlygy 7 kilometr, ini 50-den 70 metre we çuňlugy 4 metre ýetýän Awaza derýasy syýahatçylyk zolagynyň iň iri we özboluşly desgalarynyň biridir.Derýanyň abadanlaşdyrylan iki kenarynda 28 sany jemgyýetçilik iýmit desgalary (bufetler, kafeler, gämi duralgaly açyk görnüşli restoranlar) ýerleşýär.

Derýada kiçi göwrümli gämiler we gezelenç katerleri hereket edýär.Derýanyň üstünde gurlan köpsanly ajaýyp köprüleriň her biri özboluşly bezeg nagyşlary bilen tapawutlanýar.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 70-den gowrak dürli görnüşli desgalar, şol sanda sport desgalar toplumyna girýän tennis meýdançalary, basketbol, woleýbol we mini-futbol üçin meýdançalar guruldy. Bu ýerde suw sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulan. Derýanyň iki kenarýakasynda pyýada we welosipedli gezelenç eder ýaly ýörite ýodalar geçirilen. Dynç alýanlar üçin derýa boýunça gämili gezelençler guralýar.

Awaza milli syýahatçylyk zolagy halkymyzyň dynç alýan we saglygyny berkidýän mekanyna, şeýle hem maslahatlaryň, duşuşyklaryň, halkara festiwallaryň, sport, medeni we beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany
Ýerli ýaşaýjylar köne gaz geçirijileriň täzelenmegini soraýar, gazyň basyşy pes bolmagynda galýar
Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Türkmen wekiliýeti Bakuwda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
Ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy
Arkadag şäheri BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär