MSCHF amerikan haryt nyşany Louis Vuitton OnTheGo zenan torbajygynyň bary-ýogy 657x222x700 mkm göwrümli mikroskopik nusgasyny taýýarlady diýip, CNN habar berýär.
Mikro-torbanyň beýikligi duz dänejiginden hem kiçi. Oňa seretmek üçin ýany bilen sanly displeýi bolan mikroskop hem toplum görnüşinde berilýär. Torbajyk bäsleşikli söwdada (auksionda) 63 müň dollara satyldy.
Gaýtalanmajak nusgadaky torbajyk ikifotonly polimerizasiýa usuly arkaly taýýarlanyldy, şeýle tehnologiýa mikromasştably plastik bölekleri 3D usulynda çap etmek üçin peýdalanylýar.