Audi iki ykjam modelini önümçilikden aýyrýar

Audi iki ykjam modelini önümçilikden aýyrýar

Audi 2016-njy ýylda hödürlenen Q2 ykjam krossoweriniň mirasdüşerini çykarmak islemeýär. Şeýle-de, nemes kompaniýasy önümçilikden özüniň iň kiçi modeli bolan A1-i aýyrýar. Bu barada “Handelsblatt” neşirine Ingolştadtdan kompaniýanyň ýolbaşçysy Markus Dýusman aýtdy.

Audi A1 modeliniň indiki nesliniň bolmajakdygy barada 2021-nji ýylyň ortalarynda-da habar berildi, ýöne Q2 krossowerinden ýüz öwrülýändigi häzir belli boldy. Kompaniýa iň kiçi SUV-y 2016-njy ýylda hödürledi, dört ýyldan soň bolsa model täzelenmä eýe boldy.

Audi Q2 kuwwaty 116-dan 190 at güýjüne çenli bolan benzin we dizel hereketlendirijileri bilen hödürlenýär. Mundan başga-da, krossoweriň 300 at güýji bolan 2,0 litrlik “dört turbo” bilen enjamlaşdyrylan SQ2 sport modifikasiýasy bar.

Audi A1 we Q2 önümçilikden aýrylandan soň, Ingolştadtdan bolan kompaniýanyň “kiçi” wekili A3 bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikler yglan ediler
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Türkmenistanda käbir kompaniýalara hökmany audit ýatyryldy
Hytaýda Huawei-iň çykarjak krossoweriniň şekilini görkezdiler
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe kanunlara gol çekdi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi