“Audi” elektroulag satuwyny artdyrdy

Germaniýanyň “Audi” kompaniýasy 2022-nji ýylda elektroulag satuwyny 44,3 göterim möçberinde artdyrdy. Şeýlelikde, kompaniýa 118 müň 196 elektroulagy müşderilerine ýetirdi.Bu görkeziji brendiň umumy awtoulag satuwynyň 9,8 göterimini emele getiripdir.

Awtoulag öndürijisi geçen ýylyň soňky çärýeginde satuwyny 2021-nji ýylyň degişli döwründäkiden 26 göterim artdyryp, 420 müň 700 ulagy müşderilere ýetiripdir.Kuwwatly ulaglary öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýa täze energiýaly ulaglary öndürmek üçin hem tagalla edýär. 2029-njy ýyla çenli her zawodyndan azyndan bir elektroulag modeliniň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýän nemes brendi täze zawodlar gurmagyň ýerine bar bolan önümçilik desgalaryny elektroulag öndürmek üçin amatly ýagdaýa getirer. Şeýlelikde, dizel we benzin bilen işleýän ulaglaryň ornuny elektroulaglar öndüriler.

Mundan başga-da kompaniýa 2026-njy ýyldan başlap, diňe elektroulag tanyşdyrjakdyklaryny mälim etdi. “Audi”-niň wekilleriniň bellemeklerine görä, 2033-nji ýyldan bu başlap bolsa, kompaniýanyň haryt sanawynda içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglar bolmaz.

Kompaniýa häzirki wagtda öndürýän elektroulag modelleriniň sanyny hem artdyrýar. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän “Audi Q4 e-tron” hem-de “Audi e-tron GT quattro” modellerine arasyna täze “Audi Q8 e-tron”-yň hem goşulmagy bilen elektroulag satuwynyň has-da artmagyna garaşylýar.

Akmuhammet Mamedow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Audi bahasy 225 müň ýewro durýan 620-güýçli sportkar bilen tanyşdyrdy
Bethoweni diňlenmek elektromobiliň ýöreýiş ätiýaçlygyny artdyryp biler
Türkmenistanyň banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikler yglan ediler
Türkmenistanda käbir kompaniýalara hökmany audit ýatyryldy
Hytaýda Huawei-iň çykarjak krossoweriniň şekilini görkezdiler