Audi bahasy 225 müň ýewro durýan 620-güýçli sportkar bilen tanyşdyrdy

Audi bahasy 225 müň ýewro durýan 620-güýçli sportkar bilen tanyşdyrdy

Audi kompaniýasy yzy priwodly Audi R8 RWD Performance sportkarynyň ekstremal modifikasiýasy bilen tanyşdyrdy. Täze ulag R8 GT diýip atlandyryldy we ol 333 sany çäkli nusgada goýberiler. Ulagyň bahasy 225 müň ýewrodan başlaýar. Awtoulag indiki ýyl satuwa çykar.

Täze ulag ugleplastikden edilen haýbatly obwese, uly antikrylo, keramiki tormoza we 20 dýuýmlyk teker disklerine eýe boldy. Şeýle-de ulagy giň relýefli kapot, dar swetodiod optikasy bilen enjamlaşdyrdylar, salonynda bolsa susak şekilli sport oturgyçlaryny gurnadylar.Sportkaryň diňe tutuksy çal, çal ýa-da doýgun gyzyl metallik reňklerini sargyt edip bolýar.

Awtoulagyň agramy 1570 kg.Täze ulagy kuwwaty 620 at güýjüne deň bolan 5,2 litrlik V10 benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrdylar.Agregat ýedi basgançakly "robot" bilen bilelikde işleýär. 3,4 sekuntda "ýüzlüge" çenli bat alýar.

Aňrybaş tizligi 320 km/s.Mundan hem başga, täze ulagda ýörite drift-režim peýda boldy.Ony destdäki düwmäniň kömegi bilen işledip bolýar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
“Audi” elektroulag satuwyny artdyrdy
Bethoweni diňlenmek elektromobiliň ýöreýiş ätiýaçlygyny artdyryp biler
Türkmenistanyň banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikler yglan ediler
Türkmenistanda käbir kompaniýalara hökmany audit ýatyryldy
Hytaýda Huawei-iň çykarjak krossoweriniň şekilini görkezdiler