Audi 2033-nji ýyla çenli benzin hereketlendirijilerinden doly ýüz öwrer

Audi 2033-nji ýyla çenli benzin hereketlendirijilerinden doly ýüz öwrer

“Audi” nemes kompaniýasy adaty hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiliginden doly derejede ýüz öwürjek senesini belli etdi.Eýýäm 2026-njy ýyldan başlap, Audi-niň täze modelleriniň ählisi diňe elektrik hereketlendirijileri bilen çykar. Ýöne bar bolan awtomobiller häzirlikçe benzin enjamlary bilen çykarylar.

Bu hem 2033-nji ýyla çenli dowam etdiriler.Sebäbi içerki ýangyç hereketlendirijileri bolan awtoulaglaryň önümçiligini doly derejede bes etmek hut şu ýyla meýilleşdirilýär diýip, autopeople.ru habar berýär.

Öň, Audi-niň müdirler geňeşiniň başlygy Markus Dýusman kompaniýanyň indi täze benzin we dizel hereketlendirijilerini öndürmeýändigini aýtdy.Hünärmenler brendiň hatarynda eýýäm bar bolan hereketlendirijileri kämilleşdirmäge üns bererler.Bäş ýyldan kompaniýa nusgawy hereketlendirijisi bolan iň soňky täze awtoulagy hödürlär, şu seneden soň çykjak ähli awtoulaglar diňe elektrik gurluşyna eýe bolar.

Häzirki wagtda Audi hatarynda üç elektrik modeli bar: e-tron we Q4 e-tron krossowerleri, şeýle-de e-tron GT sedany. “Audi” birnäçe ýylyň içinde elektrokarlaryň önümçiligine doly geçjek ýeke-täk kompaniýa däldir. Öň, şeýle maksat barada “Jaguar”, “Volvo”, “Ford” (ýewropa bazarynda), şeýle-de General Motors habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Audi iki ykjam modelini önümçilikden aýyrýar
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Audi bahasy 225 müň ýewro durýan 620-güýçli sportkar bilen tanyşdyrdy
“Audi” elektroulag satuwyny artdyrdy
Bethoweni diňlenmek elektromobiliň ýöreýiş ätiýaçlygyny artdyryp biler
Türkmenistanyň banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikler yglan ediler