ATP-niň lideri ilkinji gezek italiýaly tennisçi bolar

ATP-niň lideri ilkinji gezek italiýaly tennisçi bolar

Dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç şikesi sebäpli Rolan Garros uly tuwulgasyndaky çykyşyny ¼ final tapgyrynda tamamlady. Ýaryşyň geçen ýylky çempiony bolan Nowak Jokowiç üçin beýle netije şowsuz hasaplanýar we ol duşenbe güni täzelenjek ATP reýtinginde liderligi elden giderer.

Duşenbe güni täzelenjek ATP reýtinginiň birinji ornuna italiýaly Ýannik Sinner geçer. Ol şu hepdeki sanawda ikinji orny eýeläpdi.

Ýannik Sinner Rolan Garrosyň çärýek finalynda bolgariýaly Grigor Dimitrowy ýeňlişe sezewar etdi.

Ýeri gelende bellesek, Ýannik Sinner duşenbe güni ATP reýtinginiň lideri bolan ilkinji italiýaly tennisçä öwrüler.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç Rolan Garrosda çempion bolup, ATP reýtinginiň liderine öwrüldi
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rafael Nadal 14-nji gezek Roland Garros-da ýeňiş gazandy