“Atletikonyň” şowsuzlygy, “Bawariýanyň” taryhy başarnygy

UEFA Çempionlar Ligasynda “B” toparçada “Porto” öz meýdançasynda “Atletiko” 2-1 hasabynda ýeňip, güýçli garşydaşyny Ýewrokuboklaryň daşyna ugratdy. “Portugal” klubuna toparçada liderlik getiren gollary Mehdi Taremi (5) bilen Euştakiu (28) derwezä girizdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda “Baýer” “Klub Brýugge” duşuşygynda hasap açylmady.Toparçadaky 5 duşuşygynda gol geçirtmedik “Klub Brýugge” toparçada 2-nji orny eýeledi.Bu netijelerden soň “Atletiko Madrid” taryhynda ilkinji gezek toparçada 4-nji orna mynasyp boldy.

“C” toparçadaky duşuşyklar diňe formal görnüşde bolup, “Bawariýa” topary “Interi” öz meýdançasynda-da 2-0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Pawar hem-de Çupo-Motingiň gollary bilen ýeňen “Bawariýa” bassyr 2-nji möwsüm, soňky 4 möwsümde-de 3-nji gezek toparçalardaky 6 duşuşygyny ýeňmegi başardy. “Bawariýa” bu statistany 3 gezek başaran ilkinji klub boldy.

Toparçalardaky bassyr 13-nji ýeňşini gazanan “Bawariýa” toparçalarda 33 oýundan bäri-de ýeňilmän gelýär.Bu 2 görkeziji-de rekorda deňdir. “Bawariýalylar” öz meýdançasynda bassyr 22 duşuşykda gol geçirip, bu babatda rekordy täzeledi.

Beýleki duşuşykda “Barselona” myhmançylykda “Wiktoriýa Plzeni” 4-2 ýeňdi. Ätiýaçdaky oýunçylar bilen meýdança çykan “Barselonanyň” gollaryny Markos Alonso (6), Ferran Torres (44, 54) hem-de Pablo Torre (75) geçirdi. Çeh klubunyň gollary bolsa Çori derwezä girizdi (51 p, 63). “Barselona” topary bassyr 2-nji möwsümde Ýewropa Ligasynda çykyş eder. “Wiktoriýa” bolsa toparçalary utuksyz tamamlap, -19 gol aratapawudy bilen ýaryşyň taryhyndaky iň pes netijeleriň birini gaýtalady.

Ýene degişli makalalar

10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
“West Ham” ýeňlişsiz ýeňiji
Baýer öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy
Ilkinji gezek 1/8 finala çykdy
Soňky 5 minutda çempion topar 3 gezek üýtgedi we ahyrynda 66 ýyldan soň gazanylan ýeňiş
“Inter”, “Milan” we “Atalanta” toparlarynyň täze transferleri