Atgulak dermanlyk ösümlik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki zaman lukmançylygynda dermanlyk ösümlikler giňden peýdalanylýar. Olaryň köpüsi birnäçe keselleri bejermekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Ynsan hem islendik janly organizim ýaly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr hem-de biologiki nukdaýnazardan oňa has ýakyndyr.

Biziň güneşli Diýarymyz dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri hem ekin ýerlerinde, ýol gyralarda, dag-düzlerde ýetişýän atgulakdyr.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik kitabynda hem türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsinde ähmiýetli orny eýeleýän atgulak barada gymmatly maglumatlar öz beýanyny tapýar.

Atgulakdan dürli melhemleri taýýarlamagyň we ulanmagyň usullary barada gürrüň berilýär.Bu ösümlik irki zamanlardan bäri dermanlyk maksatlar üçin peýdalanylyp gelinýär.Onuň terapewtiki ulanylyşy örän giňdir. Ösümlik baradaky ilkinji maglumatlar Abu Ali ibn Sinanyň dünýä belli Lukmançylyk ylmynyň kanunlary we Abu Reýhan Birunynyň Lukmançylykda farmakognoziýa eserlerinde berilýär.

Atgulagyň ýapragy gany togtatmakda, örgünli gijilewük (krapiwnisa) keseli bilen kesellänleri bejermekde giňden peýdalanylýar. Ösümligiň ýapragy, köki we tohumy bagyrdaky, böwrekdäki hem peşew haltasyndaky dykyn almalary açýandygy barada Muhammet Hüseýin özüniň belli melhemler hazynasy işinde beýan edýär.

Atgulagyň dürli görnüşleriniň dünýäde, takmynan, 270, Türkmenistanda 10-a golaý görnüşi gabat gelýär. Ösümlik başgaça bilguşa, ýaradert diýlip hem atlandyrylýar.Emma onuň ýolsakçy atlysy hem bar.Onuň özüne mahsus aýratynlygy bolup damarlary maýda, ýapragy beýleki atgulaklara garanyňda ýaýbaň we uly bolýar.

Lukmançylykda atgulagyň ýapragy we tämiz oty dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligiň ähli görnüşleri ulanylman, onuň diňe bir görnüşi, ýagny damary sary we ýogyn bolany dermanlyk hökmünde ulanylýar.

Ony aşgazany agyrýan adamlara ezip içmeklik maslahat berilýär.

Gadymy döwürlerde söweşden soň ýigitler bu otuň suwuna matany ezip, ýaralanan ýerlerine daňar ekenler. Ýaňy çykan ter ýapraklaryny bolsa çeýnäp iýer ekenler. Ýolda ýöräp ýadan wagtyň, endamyňa agyry aralaşanda şol otuň ýapragyndan ýolup, ony birneme ýenjip, ökjäniň aşagynda goýsaňyz ol ýadawlygyň aýrylmagyna gowy täsir edýär.

Atgulagyň guradylan ýapragyndan çaý edilip içilen mahalynda ol siziň ganyňyzy arassalaýar. Şeýle-de, iç kesellerine, bagyr hem böwrek kesellerine duçar bolmarsyňyz.Türkmen halk lukmançylygynda atgulagyň täze oty dokuzdonlyda we çybanda, şeýle-de üsgülewügi dep ediji serişde hökmünde giňden ulanylýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda giň gerimli işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de üstünliklere beslensin!

Gurbandurdy Öwezow,

Babadaýhan etrap hassahanasynyň baş lukmany.

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi
Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsullugynyň salgysy üýtgedi
BMG Tarapyndan Idlibe Ynsanperwer Kömegi Ugradyldy
BMG Tarapyndan Idlibe Ynsanperwer Kömegi Berildi