Düýn Mary welaýat atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy hem-de at çapyşygy geçirildi.Atçylyk sport toplumynyň baş girelgesinde welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri tarapyndan guralan amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserlerinden ybarat sergi toýçy märekäniň ünsüni özüne çekdi.
Aýdym-saz hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.Bu ýere ýygnananlar atşynaslar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.Bizem baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Suhandurdy KULJANOW,Türkmenistanyň halk atşynasy, Ahal welaýaty:
— Bu gün meniň üçin iň bir bagtly günleriň biri.Mary atçylyk sport toplumynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen bäsleşige gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň adyndan goýlan baş baýraga — ýeňil awtoulaga mynasyp boldum.
Muňa begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok.Mary atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkunyň doly täzelenip, dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi at çapyşygyny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berdi.Men Mary döwlet athanasynyň Kadaly diýen dor aty bilen bellenilen 1000 metr aralygy ilkinji bolup geçmegi başardym.
Atçylyk sport toplumlarynyň durkuny täzeläp, at çapmaga we çapuw atlaryny ýokary derejede ýaryşa taýýarlamaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çyn ýüregimden alkyş aýdýaryn.Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli, tutumly işleri rowaç bolsun!
Biz geljekde-de atçylyk sungatyny ösdürmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy gutly bolsun.Hemişe toýdan ýetirsin!
Baýram MÄMMEDOW,ýetginjek çapyksuwar, Daşoguz welaýaty:
— Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her welaýatda baýramçylyk at çapyşygyny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl bu bäsleşik Mary welaýatynda geçirildi. Şoňa gatnaşmak hem-de ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen 1-nji çapuwda ýeňiji bolmak bagtynyň maňa miýesser edendigine buýsanýaryn, begenýärin. Şeýle ýaryşlarda halypalar bilen duşuşýarys, olardan öwrenýäris.
Halypa çapyksuwarlar bilen görüşmek, didarlaşmak biziň üçin uly mekdepdir.Bu bolsa atşynaslyk sungatynyň ösmegine uly itergi berýär.
Ýurdumyzda atçylyk sungatyny ösdürip, ýaş atşynaslaryň kämilleşmegi üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize ak ýürekden hoşallyk bildirýärin. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!
Bezirgen BABALYÝEW,3-nji derejeli çapyksuwar, Aşgabat şäheri:
— Mary welaýatynda geçirilen baýramçylyk at çapyşygyna men gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň atşynaslarynyň adyndan Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Leýlisaç atly gara dor aty bilen gatnaşdym.Bu ýüwrük aty seýislän Hezret Halbaýew.
Mary welaýatynyň atşynaslary we bagtyýar ilaty bu baýramçylyk at çapyşygyna ýokary derejede taýýarlanypdyrlar.Toplumyň gözel görke getirilip, çapuw ýodasynyň durkunyň täzelenmegi bizi buýsandyrdy. Çapuw ýodasyna düşelen politrek örtügi atlary kada laýyk çapmaga şert döredýär. Örtük tozanok, ýumşak bolýar. Şeýle-de toplumda atlary gezdirer ýaly şertler hem göz öňünde tutulypdyr.
Gijeki yşyklandyryjylar hem talabalaýyk gelýär.Bu geçirilen işler biz — çapyksuwarlardyr atşynaslara bedewlerimizi şu günki bäsleşige ýokary derejede taýýarlamaga we ýaryşda ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berdi.Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen ýaryşda ýeňiş gazanmagym baýramçylyk şatlygymy has-da artdyrdy.
Bize işlemäge, atşynaslyk sungatymyzy ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!
Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşürenler Şamyrat AMADOW, Azym ŞEKEROW.