Beýik baştutan Mustafa Kemal Atatürkiň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan Atatürkiň aramgähine ýagny Anytkabire we Respubpulika müzeýi hökmünde ulanylýan 2-nji TBMM-ne baryp görenleriň sany taýdan Respublikanyň yglan edilen gününiň 100-nji gününde uly rekord goýuldy.
Milli Goranmak ministrligi, 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasibetli Anytkabire 1 million 182 müň 425 adamyň baryp görendigini we uly rekord goýlandygyny mälim etdi.
Ministrlikden berlen beýannamada, “29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasibetli Anytkabire baryp görenleriň sany 1 million 182 müň 425 adama ýetdi. Halkymyza minnetdarlyk bildirýäris we Respublikamyzyň 100-njy ýylynda Respublikasymyzyň esaslandyryjysy Baş serkerdämiz Gazi Mustafa Kemal Atütürki we Milli göreşiň gahrymanlaryny ýene-de bir gezek uly hormat bilen hatyralaýarys” diýildi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem, Respublika müzeýi hökmünde ulanylýan 2-nji Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine, 29-njy oktýabr Respublika baýramynda 112 müň 366 adamyň baryp görendigini mälim etdi.