Iki aý gowrak wagtlyk arakesmeden soň, UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň 4 duşuşygy oýnaldy. Şol oýunlaryň üçüsinde ýer eýeleri, birinde-de myhmançylykdaky topar ýeňiş gazandy.Kubogyň häzirki eýesi “Liwerpul” myhmançylykda “Atletiko Madrid” bilen duşuşdy. “Liwerpul” mundan 9 aý ozal finalda “Tottenhamy” ýeňip, kubok galdyran stadionynda, bu gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Hüjümde az-owlak gowşaklyk görkezen iňlis toparynyň derwezesinden madridlilere ýeňiş getiren ýeke-täk goly 4-nji minutda Saul Nigues derwezä girizdi. Şondan soň, iki toparyň hasaby üýtgetjek bolup eden hüjümleri netije bermedi.
UEFA-nyň yglan eden täze görnüşdäki duşuşygyň gahrymany baýragyna Renan Lodi (“Atletiko”) laýyk görüldi.
“Bundesligada” çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp barýan “Borussiýa Dortmund” topary öz meýdançasynda fransuzlaryň PSŽ toparyny kabul etdi.Birinji ýarymy golsuz geçen oýnuň soňky 21 minutynda 3 pökgi hasaba alyndy. Şol gollaryň 2-sini 69-njy we 77-nji minutlarda ýer eýeleriniň täze hüjümçisi, norwegiýaly Erling Holann öz adyna ýazdyrdy.
Myhmanlaryň ýeke-täk goluny bolsa 75-nji minutda Kilian Mbappeniň pasyndan soň, braziliýaly Neýmar derwezä girizdi.Duşuşygyň gahrymany saýlanan Holannyň Çempionlar ligasyndaky geçiren gollarynyň sany 10-a ýetip, ol bu ugurda Robert Lewandowski bilen deňleşdi.
Iki duşuşygyň jogap oýunlary 11-nji martda oýnalar.
Hepdäniň iň köp gol geçirilen duşuşygynda Italiýanyň çempionatynda-da şowly oýun görkezýän “Atalanta” topary “San Siro” stadionynda “Walensiýa” topary bilen duşuşdy. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Atalanta” topary 41 hasabynda ýeňiş gazanyp, çärýek finala çykmak ugrunda uly ädim ätdi.
Italýan toparyna ynamly ýeňiş getiren gollary Hans Hatebur (16, 62), Ýosip Iliçiç (42) hem-de Remo Froýler (57) öz atlaryna ýazdyrdylar. “Walensiýanyň” ýeke-täk goluny-da 66-njy minutda Denis Çeryşew derwezä gönükdirdi.
Bu gol “Walensiýa” toparyny 10-njy martda oýnaljak jogap oýny üçin çärýek finala çykmak ugrunda az-owlak umytlandyrar.Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan gollandiýaly Hans Hatebur oýnuň gahrymany diýlip saýlandy.
Çarşenbe güni oýnalan duşuşyklarda “Tottenham” öz meýdançasynda “Leipsigden” 10 hasabynda asgyn geldi. Nemes toparyna çärýek finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik berýän bu goly 58-nji minutda penalti urgusyndan Timo Werner geçirdi.