Atalanta A seriýada asyryň rekordyny täzeledi

Atalanta A seriýada asyryň rekordyny täzeledi

Atalanta Italiýanyň A seriýasynyň 18-nji tapgyrynda Salernitanany 8:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýunda Jan Pýer Gasperininiň şägirtleri birinji ýarymda 5, ikinji ýarymda bolsa 3 gol urdy.

Opta statistiki neşiriniň habar bermegine görä, Atalanta öz taryhynda ilkinji gezek A seriýanyň çägindäki oýunda 8 gol urdy. Şeýle-de bergamo topary 21-nji asyrda A seriýanyň oýnunda 8 gol uran ilkinji klub boldy. Mundan ozal, Milan şäheriniň Inter 1996-njy ýylda Padowanyň derwezesine 8 gol urupdy. Gyzykly tarapy, şol oýun hem 8:2 hasabynda tamamlanypdy.

A seriýanyň 18-nji tapgyrynyň esasy netijeleriniň hatarynda Milanyň myhmançylykda Leççe bilen 2:2 hasabynda deň oýnamagyny, Interiň öz öýünde Weronany 1:0, Lasionyň myhmançylykda Sassuolony 2:0, Romanyň öz öýünde Fiorentinany 2:0 ýeňmegini görkezip bolar.

Ozal habar berşimiz ýaly, A seriýanyň 18-nji tapgyrynyň merkezi oýnunda Napoli Ýuwentusy uly hasapda ýeňlişe sezewar bolupdy. 18-nji tapgyrdan soňra Napoli utuklarynyň sanyny 47-1 ýetirip, turnir tablisasynda liderligini pugtalandyrdy. Ikinji ýerdäki Milanyň hasabynda 38 utuk bar. Hersi 37 utukdan toplan Inter we Ýuwentus bolsa üçünji ýeri paýlaşyp durlar.

Ýene degişli makalalar

Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
1-nji ýarymda “Milan”, 2-nji ýarymda “Inter”
“Atalantanyň” yzly-yzyna 11-nji ýeňşi, “Ýuwentusyň” 10-njy deňligi
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri