Atageldi Garýagdyýew: tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmekden lezzet alýaryn

“Watan” kinokonsert merkeziniň sahnasynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew çykyş etdi.Doga zehinli ussadyň üýtgeşik owazyny diňlemekden lezzet almak üçin bu ýere onuň aýdymlarynyň muşdaklarynyň ençemesi, dost-ýarlarydyr kärdeşleri gelipdirler.

Ol tomaşaçylary mübäreklände, hamala, olary bagryna basýan kimin, gollaryny giňden gerdi. Ýurdumyzyň altyn baritony Milli konserwatoriýanyň Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň we konsetmeýster - Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň sazandarlygynda çykyş etdi.

Konsert Nury Halmämmedowyň “Türkmen sährasy”, “Maraljan” we beýleki ajaýyp aýdymlary bilen açyldy, olary tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen garşyladylar.Soňra Georgiý Swiridowyň “Ah, Maritana”, Eduardo di Kapuanyň O sole mio, Muslim Magomaýewiň “Mawy bakylyk”, Aleksandra Pahmutowanyň “Sen- meniň aýdymym” aýdymlary ýaňlandy.

Atageldi Garýagdyýewiň aýdýan aýdymlarynyň hersi şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklendi.Konsert gidip durka üýtgeşik bir waka boldy.Kiçijik diňleýji Atageldi Garýagdyýew aýdym aýdyp durka eli al bägülli sahna çykdy.

Aýdymçynyň gapdalynda biraz durdy-da, soňam onuň synyndan çekdi.Tomaşaçylar aňk boldular.Atageldi Garýagdyýew yhlasly diňleýjini gördü-de, onuň başyny sypady, elinden gülüni aldy.Diňleýjileriň altyn baritony we onuň zehininiň ýaşajyk muşdagyny mübärekleýän el çarpmalarynyň güwwüldisi ýaň berdi.

Joakkino Rossininiň “Sewil dellegi” operasyndan Figaronyň kawatinasyny ýerine ýetirmek üçin Atageldi Garýagdyýewe aýdymçylar Aman Amanow we Begenç Gaýypow dagy goşuldylar.Bu belli eser üçlügiň ýerine aýtmagynda aýratyn üýtgeşik ýaňlandy.

Rejep Rejebowyň “Türkmenistan” aýdym-senasy konserti jemledi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary gazananlaryny görkezýän wideoşekiller bilen birlikde ýerine ýetirilen aýdym has watanperwer ruhda ýaňlandy.Konsert tamamlansa-da adamlar gaýtmaga howlugmaýardylar.

Olar ussada gül desselerini sowgat berýärdiler, ony şowly çykyşy bilen gutlaýardylar, aýdymçydan awtograf bermegini, bile surata düşmegi haýyş edýärdiler, gazet-žurnallaryň habarçylary interwýu barada gepleşýärdiler.Gül desseleri, mähirli ýylgyryşlar we öwgi sözleri tomaşaçylaryň söýgüsiniň iň gowy subutnamasydy!

Sahna ussady bilen interwýudan bölek: -Bu konsertiň Siziň döredijiligiňizde hasap boýunça näçinjidigini aýdyp bilermisiňiz? - Gynanasamam, bilemok.Indi, meselem, aýdaly, ýüzünj ýada iki ýüzünji ýaly ýubileý konserti bilem çykyş etseň gowy bordy. Ýöne öňler munuň pikirinem etmändirin.

Emma bir zady welin aýtmakçy, tomaşaçylar üçin aýdym aýtmak meni joşdurýar, göwnümi galkyndyrýar. - Çykyş etmäge arkaýyn çykyp bilýärmisiňiz? - Ýok, men edil ilkinji duşuşygyna barýan aşyk ýigit kimin, her çykyşdan öň tolgunýan. -Soňky ýyllarda Siz sahnada gyrmyzy penjekli çykyş edýärsiňiz.

Bu siziň tumaryňyzmy? -Men artistleriň köpüsiniň sahna çykanlarynda kisesine bagt getirýän teňňe atýanyny ýada şowlulyk getirýän ýarganat boýunbag dakýanyny bilýärin. Ýöne men olardan däl.Bu meniň konsertlerde geýmegi halaýan penjegim, men şony geýsem özümi rahat duýýan. -Siziň halaýan eseriňiz? - Nury Halmämmedowyň eserlerini we Muslim Magomaýewiň aýdymlaryny aýtmakdan lezzet alýan, diňleýjileriňem meniň halaýan eserlerimi gowy görýändigine begenjmiň çägi ýok.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Mukamlar köşgünde belli türkmen artistleriniň konserti boldy
Türkmenistanda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek boýunça ses bermek üçin uçastoklar açylar, hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlady we beýleki habarlar
Aşgabatda Baharyň ylhamy ady bilen konsert geçiriler
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi
Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi
Aşgabatda Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi