Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar.
Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar.Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar.
Türkmenistan Watanymyzyň köp ýyldan bäri öňe sürýän dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy-da halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny görkezýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde biziň döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe boldy.BMG-niň öňdebaryjy ugurdaş edaralarynyň düzümine yzygiderli saýlanyp, Baş Assambleýasynyň sessiýalaryna birnäçe gezek wise-başlyklyk eden Türkmenistan bu iri halkara guramanyň belent münberinden umumadamzat ähmiýetli tekliplerdir başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.
Türkmenistan BMG-niň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolan möhüm meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýar.Sanlyja ýylyň içinde ata Watanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplygyň türkmen nusgasy BMG-niň ýörelgeleri we maksatlary bilen sazlaşýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki abraýy barha artýar.
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny boldan ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu adyl syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa halklary agzybirlik, adamkärçilik atly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyz ýene-de bir daşary syýasy üstünligini gazandy. 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary atly Kararnamanyň kabul edilmegi hakyndaky hoş habaryň gelip gowuşmagy, ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirdi.
Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi, onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde has-da dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.
Yslamberdi TYLLANUROW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.