Ata Watanymyz ösüşleriň ýurdy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrundaky döwletli başlangyçlary ildeşlerimiziň tutanýerli zähmeti bilen sazlaşyp, döwletli tutumlar rowaçlyklara beslenýär. Ajap eýýamymyzyň her bir gününde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler taryhyň şanly sahypalaryny ýazýar.

Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek ýurdumyzyň baş maliýe resminamasynyň geljek ýyl üçin esasy wezipeleriniň hataryndadyr.

Her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberiniň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýändiginiň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakynda resminama gol çekdi.

Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şu ýylyň ahyryna çenli bolsa 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler.

Bu wezipe Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda bellenilendir. Şu ýylyň on aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 106,2 göterim berjaý edildi.

Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän möhüm görkezijiler bolup durýar.

Azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ajaýyp netijesidir. Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, hususy pudagyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde, bu ulgamda düýpli üstünlikler gazanyldy.

Milli ykdysadyýetde hususy başlangyçlaryň goldanylmagy, bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsdeşligiň höweslendirilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi diňe importyň ornuny tutmaga däl, eýsem, isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna eksport kuwwatlyklaryny giňeltmäge hem mümkinçilik berdi.

Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini artdyrmak ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy wezipeleriniň biri bolmagynda galýar.Soňky ýyllarda importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalaryna, elektron senagatyň döredilmegine hem uly ähmiýet berilýär.

Bitarap döwletimiz daşary ykdysady hyzmatdaşlykda Açyk gapylar syýasatyny ýöredýär. Ýurdumyzda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler bar. Ýurdumyzda ýangyç-energetika, obasenagat toplumlary, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklar, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümleri çalt ösýär. Üstünlikli özgertmeler, durnukly makroykdysady ösüşler, döwrebap düzümler, önümçilik mümkinçilikleri Diýarymyzy daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji ýurda öwürdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy geljek ýyllarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek, bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ýaly maksatlary özünde jemleýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak döwletimiziň baş maksady bolup durýar.

Bägül ŞYHYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ykdysadyýetiň pudaklaryna 40,1 milliard manat maýa goýmagy meýilleşdirýär
Ýurdumyzda geljek ýylda 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýmak meýilleşdirilýär
Sanly ykdysadyýet ösüşleriň girewi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Makroykdysadyýet boýunça II Açyk Halkara Internet olimpiadasy geçirildi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahat geçirýär
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi