Ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip

Ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip

18-nji aprelde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap, agzaçar sadakasyny berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşýanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Nahardan soňra, aýat-töwir okalyp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Sylap gelendikleri üçin hemmelere ýene bir gezek taňryýalkasyn aýdyp, hajy Arkadagymyz öten-geçenlerimiz baradaky ýagşy ýatlamalaryň ýüreklerimizde ebedi ýaşajakdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Yzgantda agzaçar sadakasyny berdiler
Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  anna agşamlary’ berilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabaralary geçirildi