At üstündäki milli oýunlar

Türkmen halky bürgüt gaýratly, laçyn ganatly, gyz kamatly bedewine bolan söýgüsini ýokary derejede wasp edýär.Bedewimiziň gözelligini, wepadarlygyny, ajaýyp, sazlaşykly hereketlerini pederlerimiz halk döredijiligine siňdiripdirler.Olaryň döreden Oguznama, Gorkut ata, Görogly ýaly şadessanlarynda bedewlerimiziň gaýtalanmajak häsiýetleri, ajaýyp sypatlary bilen birlikde bedew atyň türkmen durmuşyndaky orny, gymmaty, ähmiýeti çeper beýan edilýär. Öz durmuşlaryny bedew atsyz, ojagyny goragçy alabaýsyz göz öňüne getirip bilmedik pederlerimiz atlar baradaky garaýyşlaryny, durmuş tejribelerini, şol sanda at üstündäki milli oýunlaryň aýratynlyklaryny halk döredijilik eserlerine siňdiripdirler.

Bedew at bilen höwrügen adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn, ynsanperwer we zähmetsöýer, maksada okgunly bolýandygyny ata-babalarymyz özleriniň toplan terbiýeçilik, seýisçilik tejribelerinden bilipdirler. Şonuň üçin hem olar öz nesillerine çagalykdan at münmegiň, oňa ideg etmegiň, aty çapmagyň inçe syrlaryny öwredipdirler.

Milletimiziň bedewe bolan söýgüsi hem-de garaýşy dürli taryhy çeşmelerde, ata Watanymyzyň üstünden ýoly düşen jahankeşdeleriň ýol ýazgylarynda giňden beýanyny tapýar.Pederlerimiziň çagalaryna at münmegi öwredişleri baradaky ýazgylar milli taryhymyzy öwrenen taryhçylaryň işlerinde gabat gelýär.

Mysal üçin, taryhçy alym A.Wamberi özüniň Orta Aziýanyň oçerkleri diýen işinde Türkmenler oglanlaryna bäş ýaşynda at mündürip başlaýarlar, on ýaşynda olar eýýäm at çapyşyklarda çapyksuwarlyk edýärler diýip ýazýar. Çagalykdan at münmäge ezberlik bilen erk eden pederlerimiz at üstündäki oýunlaryň dürli görnüşlerini nesillere miras goýupdyrlar.Türkmen milli at üstündäki oýunlary gadym zamanlarda massagetleriň, gunlaryň, parfiýanlaryň, abdallaryň, gadymy Oguz we ondan soňky Oguz döwletleriniň goşunlarynda, atly nökerlere söweş tilsimlerini öwretmek maksady bilen döräpdir.

At üstündäki oýunlar örän çalasynlygy, edermenligi talap edipdir.Orta asyrlarda at üstündäki milli oýunlaryň ýörgünli bolandygyny Görogly şadessany doly subut edýär. Şadessanyň Gyratyň ogurlanyşy bölüminde Göroglynyň Nişapur şäherinde Gyratyny seýisläp, oňa her hili oýunlar öwredişi, soňra Gyratyny birkemsiz bezäp, şäher meýdançasynda her hili oýunlar oýnadyşy türkmen milli at üstündäki oýunlaryň bolandygyny tassyklaýar.

Göroglynyň at oýnadyşy halk sazy aýdanlarymyza güwä geçýär.Ilkinji at üstündäki oýunlara At üstünde gylyçlaşmak, çapyp barýan at üstünde Naýza zyňmak, uzyn, üç boý derek dikilen beýiklikden suw kädisini asyp, Altyn gabak atyşmak, dokuz pilden ok geçirmek ýaly harby terbiýeçilikli ýaryşlar görnüşinde geçirilipdir.Wellemşaha, It urşy oýunlarynyň geçirilişi dogrusynda Görogly şadessanynda beýan edilýär.

It urşy oýny şadessanynda Göroglynyň Gaçyşym bar kowuşyma bermenem diýip belleýşi ýaly, gaçdym-kowdum görnüşinde ulanylan söweş tilsimleriniň biri bolupdyr.Atyň gapdalynda bukulyp çapmak her hili kyn ýagdaýlarda hem çapyp barýan ata bukulyp, duşmanlaryň arasyndan çykmaga kömek edipdir.

Bu emel Ata Gowşudowyň Dordepel hekaýasynda dolulygyna, çeper beýan edilipdir.At üstünde oýnalýan milli oýunlarymyzyň biri-de Telpek gapdy oýnudyr.Bu oýun çapyp barýan atyň üstünde telpegiňi ýokary oklap, aşaklygyna kelemenläp gaýdanda ony gapmak görnüşinde oýnalýar.

Bu oýun ýigitlerde çalasynlygy, çeýeligi terbiýeläpdir.Çowgan oýny hem pederlerimizden miras galan at üstündäki oýunlarymyzyň biridir.Iki ýaryşdaş atly topar bolup top oýnamak, Orta asyrlarda Gündogar halklarynyň arasynda, şol sanda türkmenleriň arasynda hem giň ýaýran oýun bolupdyr.

Soňra bu oýun Ýewropada medeniýetleşdirilipdir.Oýun 200 m X 150 m ölçegdäki meýdançada geçirilýär.Derwezäniň ini 3 m deňdir.Oýun iki topara bölünen atly türgenleriň arasynda, her toparda 6 sany atly oýunçynyň gatnaşmagynda oýnalýar.

Oýunçylaryň dördüsi hüjümçi we ikisi goragçy bolup, goragçylar düzgün boýunça öz tarapyna degişli ýarym meýdançadan çykmaly däldir.Oýnuň dowamlylygy 15 minut bolup arasynda 15 minut dynç almak üçin arakesme bilen iki tapgyrda, jemi 30 minut oýnalýar. Çowgan oýny Atly polo görnüşinde Pakistanda, Eýranda, Ýewropada geçirilip soňky ýyllarda bolsa arap ýurtlaryna hem ýaýraýar.

Munuň özi medeniýetleriň özara gatnaşygynyň aýdyň subutnamasydyr.Owlak gapdy ýa-da Gök böri oýny iki topar atly bolup oýnalýar.Oýun örän çekeleşikli we gyzgalaňly geçýär.Owlak gapdy ýaryşlaryna ýognasdan uly bolmadyk, ýöne güýçli, çekeleşikli halatlarda hem deňagramlylygyny saklap bilýän we ýykylmaýan atlar ulanylýar.

Bu oýun Amyderýanyň aşaky akymynda ýaşaýan, şeýle-de, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň arasynda ýaýrap, biziň günlerimize gelip ýetipdir.Owlak gapdy oýny Täjigistanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Gazagystanda häzirki döwürde hem milli oýun hasaplanylýar.At üstünde ýigitler oýny çapyp barýan atyň üstünde her hili çylşyrymly aşyrymlar, öwrümler etmek, dürli maşklary ýerine ýetirmek ýaly görnüşlerde geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň dürli döwletlerinde üstünlikli çykyş edip uly ýeňişleri gazanýarlar.Olaryň yzly-yzyna sirk sungatynda, at üstündäki oýunlarda gazanýan ýeňişlerini dünýä ykrar edýär.Milli ýörelgelerimiziň dowamat bolmagy, atşynaslyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Milli mirasymyz buýsanjymyz
Lew Ýaşin adyndaky baýraga Donnarumma, Noýer we Kurtua dalaşgär görkezildi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Buffon XXI asyryň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi
Manuel Noýer FIFA boýunça 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi