Watana wepalylyk, mertlik, batyrlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ynsany rowaçlyga, halal baýlyga ýetirýär.Uzak müňýyllyklaryň dowamynda şeýle ynanja uýan halkymyz bu sypatlary türkmen öýüniň esasy alamatlary, baýlyk-genji hasaplanýan gamyşgulak bedewlerinde, gazankelle alabaýlarynda terbiýeläpdirler. Şoňa görä, gapysynda kişňäp duran bedewi, garysyny ýassanyp ýatyşyna gelen-gideniň päl-niýetini duýup bilýän akylly alabaý iti bolan öýi döwletmen hojalyk hasaplapdyrlar.
Bu pikirimizi hormatly Prezidentimiziň: Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty.Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr diýen jümlesi has-da aýdyňlaşdyrýar.
Parasatly pederlerimiz tarapyndan sünnä döredilen milli miraslarymyzyň goşa genji hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň hem-de şirpenje alabaýlarymyzyň şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-aladasy netijesinde häzirki döwürde bütin Ýer ýüzüne doldy.Bu iki gymmatlygymyzyň hormatyna ilkinji gezek bilelikde geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň täsirinde ýaşaýan günlerimiz kalplarymyzy heýjana salan ýakymly wakalar, täsirliligi bilen uzak ýyllar ýatdan çykmajak pursatlar hakda söhbet etmek gyzykly bolsa gerek.
Eger şeýle bolsa, ilki bilen, baýramçylygyň çäklerindäki esasy wakalaryň 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky Oguzkent myhmanhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi bilen badalga alandygyny aýtmak isleýäris.
Goşa baýramyň dowamynda geçirilmeli çärelere badalga beren bu mejlisde hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşy assosiasiýanyň döredilen gününden bäri geçen on ýylyň dowamynda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek babatda amala aşyrylan beýik işleri birin-birin göz alnymyzda janlandyrdy.
Milli Liderimiziň öz çykyşyndaky: Şu döwrüň içinde gurama ýurdumyzdan we dünýäniň 36 döwletinden 191 sany ýuridik we fiziki şahs agza bolup durýar diýen jümlesi bolsa, Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sanynyň barha artýandygynyň aýdyň mysaly bolup, kalplary joşa getirýär.
Elbetde, ahalteke bedewlerimiziň tutuş dünýäniň ýüzünde şöhratynyň günsaýyn belende galyp barşy, olaryň hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň tutanýerli yhlas-aladasynyň, seýisçilik işine goşýan ägirt goşandynyň miwesidir. Şonuň üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Türkmenistanyň ussat halypa seýsi diýen hormatly adyň dakylmagyny ähli watandaşlarymyz uly kanagatlanma hem şatlyk bilen kabul etdiler.
Mejlisiň dowamynda ildeş we daşary ýurtly atşynaslaryň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa atşynasy, Türkmenistanyň halk atşynasy diýen hormatly atlaryň dakylmagy bolsa, ozaly bilen, milli Liderimiziň ata bolan beýik söýgüsinden, ahalteke bedewlerine ykbalyny baglan adamlaryň zähmetine çäksiz hormatyndan nyşandyr. Şeýle hormata mynasyp görlüp, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen belent ada eýe bolan daşary ýurtly atşynaslar — ABŞ-dan ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Tito Pontekorwonyň, Russiýa Federasiýasynyň Gurtbil ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mariýa Mosaranyň sanly ulgam arkaly mejlisde eden çykyşyny tolgunman diňlemek mümkin däl.
Hormatly Prezidentimiziň adyna öz hoşallyklaryny beýan edip, olaryň ahalteke bedewleriniň gözelligi, ýyndamlygy, düşbüligi, wepalylygy barada aýdan täsirli jümleleri damarynda türkmen gany aýlanýan her bir ynsanyň göwnüni ganatlandyran bolsa gerek.
Mejlisde guramaçylyk meselesine garalyp, assosiasiýanyň ýerli hem-de sanly ulgam arkaly çykyş eden daşary ýurtly agzalarynyň biragyzdan goldamagy bilen Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagyny tüýs ýerine düşen hasaplaýarys. Çünki ata-babasyndan nesilme-nesil geçip gelýän bedewe bolan söýgi assosiasiýanyň täze prezidentiniň ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we köpeltmek, dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek işinde Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny üstünlikli dowam etdirjekdigine şek-şübhe goýmaýar.
Biziň bu ynanjymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň geçirilen güni Serdar Berdimuhamedowyň Hankerwen atly bedewe ynamly erk edişini synlan halatymyz has-da berkedi.
Şol gün bäsleşikleriň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň, Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine bolsa ýeňil awtoulagyň açarynyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň bedew ata bolan sarpasynyň neneňsi belentdigini bütin dünýä ýene bir sapar görkezdi. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň adyndan ýeňil awtoulaglardyr gymmatbahaly sowgatlar Marynyň atçylyk sport toplumynda Aşgabat şäheriniň we ähli welaýatlarymyzyň bedewleriniň gatnaşmagynda döwlet derejesinde geçirilen baýramçylyk at çapyşygynyň ýeňijilerine-de, 25-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijilerine-de, atly sport bäsleşiklerinde üstün çykanlara-da gowşuryldy.
Gamyşgulak bedewlerimiziň sarpasynyň neneňsi belentden tutulýandygynyň aýdyň subudy bolan bu wakalar aty uçar ganatyna deňeýän halkymyzyň milli Liderimize bolan hoşallygyny has-da joşdurdy.
It — wepasy bilen
Zehinli kinorežissýor Alty Garlyýewiň halypa ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň Aýgytly ädim romany esasynda surata düşüren adybir filmini bilmeýän ýok bolsa gerek.Ol filmde irki döwürdäki türkmen obasy ussatlyk bilen janlandyrylýar.
Oňa tomaşa edip oturşyňa, bu filmiň ajaýyp sungat eseri hökmünde islendik kinofestiwalda baýrakly orna mynasyp bolup biljekdigi barada oýlanýarsyň.Emma...Eşidip otursak, ol abraýly kinofestiwallara gatnaşdyrylmasyna gatnaşdyrylypdyr, ýöne halypa režissýoryň zehin siňdirip düşüren filmine orun berilmändir.
Il içindäki gürrüňlere görä, onuň sebäbi filmiň başraklarynda alabaý itimiziň sesi käte çalaja eşidilýän-de bolsa, ýekeje ýerde-de onuň özüniň görünmeýänligimiş.Eminler: Heý, alabaý itsizem türkmen obasy bolarmy?
diýipdirler.Gör-ä ony, özem başga milletiň wekillerinden bolan eminler şeýle netijä gelipdirler.Kämil sungat eseri hasaplap ýören filmimiz babatda eminleriň gelen bu netijesi birbada keýpimize sogan dograsa-da, islendik halkyň wekilleriniň türkmen obasyny, türkmen hojalygyny bedew atsyz, alabaý itsiz göz öňüne getirip bilmeýändigi baradaky ýakymly duýgy welin, kalbyňda buýsanç alawyny köredýär.
Ata-babalarymyzyň döreden esasy milli gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan alabaý bir säw bilen halypa režissýoryň ünsünden sypanam bolsa, ol gadymy miraslarymyza juda eserdeň hem dykgatly çemeleşýän hormatly Prezidentimiziň nazaryndan welin sypmady.
Türkmen alabaýy atly ajaýyp kitabynda: Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa, bagtyny görüpdirler diýýän Gahryman Arkadagymyz edil gamyşgulak bedewlerimiz ýaly, türkmen jemgyýetinde alabaý itleriň ornunyň hem juda belentdigini ussatlyk bilen beýan edip, Ýer ýüzüne çawuny doldurdy. Şeýlelikde, milli Liderimiziň yhlas-aladasy bilen türkmen alabaýynyň asylky şöhraty ýene-de Zemin giňişliginde ganat ýaýmaga başlady.
Diýseň üşükli, mert hem wepaly, edermen alabaýlaryň türkmen hojalygynda edil bedew atlar ýaly mynasyp orun almagy ýönelige däldir. Çünki At agynan ýerde toý bolar diýip ynanan halkymyz, It geldi — gut geldi, Itim bar — gutum bar diýip, alabaýly hojalyga bagtyň ýylgyryp bakjakdygyna-da şübhelenmändirler.
Gut diýen sözüň bagt manysynyň bardygy bolsa, günde-günaşa Gutly bolsun!diýen arzuwly jümläni zybana getirýän halkymyz üçin düşnükli bolsa gerek.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýy atly kitabynda: It bilen adam mundan 12-15 müň ýyl ozal dostlaşan diýlip hasap edilýär diýen jümlesine esaslansaň, adamzadyň iň ilkinji eldekileşdiren, höwrügen jandary itdir.
Bu pikiri şol kitapda getirilýän Adam atanyň ýaradylan pursady onuň üstüne şeýtanyň iti küşgürişi, emma Adam atanyň itiň maňlaýyndan sypamak arkaly ony özüne dost edişi ýa-da Adam ata Arşdan Zemine düşende itiň ony wagşy haýwanlardan goraýşy ýaly birnäçe rowaýatlar-da berkidýär, çünki rowaýatlar hem howaýylykdan döremeýär.
Şeýlelikde, adamlar özlerine ilkinji wepadar dost bolan itleri müňýyllyklaryň dowamynda seýisläp, olary beden hem häsiýet taýdan kämilleşdirip gelipdirler.Milli Liderimiziň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi kitabynyň 1-nji jildinde: Ussat seýwanlar uzak ýola çydamly we gije-gündiziň dowamynda dürli tebigy şertlerde hüşgär sakçylyk häsiýetli alabaý itlerini terbiýeläpdirler diýip ýazyşy ýaly, irki döwürlerde halk seçimçiligine daýanyp, tohum itleri ýetişdirýän itşynaslara seýwanlar diýipdirler.
Parasatly pederlerimiziň döreden hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren milli gymmatlyklaryny ýokary derejede sarpalaýan, olaryň hersine degişli ajaýyp kitaplaryny ýazmak arkaly dünýä wagyz edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alabaý itlerimiziň hem alnyndan ak Gün dogdy.
Olaryň tohum arassalygyny saklamak, itşynaslygy ösdürmek, türkmen alabaýlaryny halkara jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny, Türkmeniň nusgalyk alabaýy žurnalyny döretmek başlangyçlary hem Gahryman Arkadagymyza degişlidir.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmen alabaý itleri hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, şeýle hem weterinar gullugyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumyň gurlup, ulanylmaga berilmegi-de döwlet Baştutanymyzyň alabaý itlerimiz barada edýän howandarlyk aladasynyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek, ony her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany we Türkmenistanyň Türkmenistanyň at gazanan itşynasy hem-de Türkmenistanyň Türkmenistanyň halk itşynasy diýen hormatly atlaryny döretmek hakynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bolsa alabaýy wepadar dosty hasaplaýan halkymyzy, aýratyn-da ýurdumyzyň itşynaslaryny diýseň buýsandyrdy.
Halk kalbynyň ol buýsanjy Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ilkinji gezek goşalanyp bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramyna we Türkmen alabaýynyň baýramyna aýratyn şüweleň berdi.
21-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň toý bagyny kesmegi bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkeziniň dabaraly açylmagy hem goşa baýramyň esasy wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Hünärmenleriň netijeli işlemegi, döwlet we halkara derejesindäki dürli çäreleriň geçirilmegi üçin zerur şertleriň ählisi göz öňünde tutulan döwrebap merkeziň maslahatlar zalynda şol gün Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi hem geçirildi.
Assosiasiýanyň daşary döwletlerden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan bolan agzalarynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan bu mejlisinde ýerine ýetirilen işlere ser salnyp, geljekki wezipeler kesgitlenildi.Käbir guramaçylyk meselelerine garalyp, onuň düzümine täze agzalar kabul edildi. Ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslarynyň hem-de itşynaslarynyň birnäçesine döwlet sylaglary gowşurylyp, hormatly atlar dakyldy. Ýeri gelende, alabaý itlerimiziň bütindünýä şöhratyny belende götermekde, tohum arassalygyny gorap saklamakda çekýän halal we yhlasly zähmeti üçin Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly adyň dakylandygyny hem aýtmak isleýäris.
Goşa baýramyň çägindäki wakalar 25-nji aprelde has-da giň gerim aldy.Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň hem-de teleköpri arkaly Aşgabatda, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda gurlan Türkmen alabaý itleri merkezleriniň we Karantin merkeziniň açylyş dabaralaryny, Ýylyň türkmen edermen alabaýy diýen derejä eýe bolan Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly ite Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açarynyň, ýörite medalyň, şeýle hem göçme kubogyň we diplomyň gowşurylmagyny, bu çäre mynasybetli yglan edilen bäsleşiklerde üstün çykan döredijilik işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Şa serpaýlaryň ýapylmagyny baýramçylygy bezän esasy wakalaryň hatarynda agzap bolar.
Gurluşygy Myradym hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylan Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň Alberk QA Academy halkara guramasy tarapyndan Laýyklyk standartyna görä, Hil dolandyryş ulgamyny hem-de Daşky gurşawyň dolandyryş ulgamyny ýerine ýetirýän we berjaý edýän edara hökmünde bellige alnandygy hem-de itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ISO 9001:2015 we ISO 14001:2015 talaplaryna laýyklykda, ýörite şahadatnamalara mynasyp bolandygy hakyndaky hoş habarlar bolsa ähli halkymyzy buýsandyrdy.
* * *
Birnäçe günläp dowam eden goşa baýramyň çäklerinde atly sportuň marafon, konkur görnüşleri boýunça ýaryşlar guralyp, ilkinji gezek Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigi geçirildi.Edermen alabaýlarymyzyň, ýelden ýüwrük bedewlerimiziň häsiýetli aýratynlyklaryny dünýä ýaýýan sergiler guralyp, halkara ylmy maslahatlar boldy.
Bedewleriň paýtagtymyzdaky heýkelleriniň, Türkmen alabaýy heýkeliniň ýanlaryna, şeýle hem Ak bugdaý etrabyndaky Türkmen alabaý itleri hojalyk jemgyýetine döredijilik işgärleriniň awtobusly gezelençleri guraldy.Ahalteke bedewleriniň gözelligini hem-de türkmen alabaýlarynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine toý serpaýlary ýapyldy.
Bu zatlaryň ählisi ajaýyp milli miraslarymyzyň goşa genjiniň gadyryny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde örän ähmiýetli boldy.
Şeýle ýakymly pikirleri seriňde aýlap oturşyňa ýurdumyzy goşalanyp gelýän toý-baýramlaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri kalp töründen goşalanyp çykýar. Goý, milli gymmatlyklarymyzy ýokary derejede sarpalaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!
Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmen dünýäsi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27060