At münmek: saglyk we ruhubelentlik

Atly türgenleşikler, atly gezelenç etmek barada söz açylanda, atyň muşdaklary onuň üýtgeşik bir özüne çekiji lezzetiniň bardygyny aýdýarlar. Munuň sebäpleri megerem, atyň adam saglygyna, emosiýasyna oňaýly täsir edýändigi bilen bagly bolsa gerek.

Fiziki ösüşde we saglygy gowulandyrmakda at münmegiň peýdasy çäksizdir.At münmegiň täsiri gadymy döwürlerde ýüze çykarylyp, bu barada alymlar öz garaýyşlaryny beýan edipdirler.Meşhur lukman Antila at münmegiň tutuş bedeni güýçlendirýändigini öňe sürüpdir.

Selsiý aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir.Gippokrat ýaralananlaryň we syrkawlaryň at münseler has çalt gutulýandygyny aýdypdyr. Şeýle hem at münmegiň psihologik täsiriniň bardygyny belläp geçip, adamda aýdyň we düşnükli pikirleri döredýändigi hakyndaky garaýyşlary öňe sürüpdir.

Ol, aýratynam, melanholiklere at münmegi maslahat beripdir.Soňky ýyllarda lukmanlar atly gezelençleriň adamyň iýmit siňdiriş ulgamyna, gan aýlanyşyna, nerw, dem alyş we endokrin ulgamlaryna oňyn täsir edýändigini kesgitlediler.

Näsaglaryň at münmek arkaly bejergi alýan merkezleri häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda işleýär.

Atly gezelenç edilende minutda 100-den gowrak dürli hereket: ýokary-aşak, öňe-yza, gapdallaýyn yranma amala aşyrylýar.Bogunlar we oňurga işjeň ýagdaýa geçip, şol bir wagtyň özünde deňagramlylygy saklamak üçin ähli myşsa agzalary hem hereket edýär. Şonuň üçin hem dürli ýaşdaky adamlara, aýratynam, beden we psihologik taýdan ejir çekýänlere at münmek maslahat berilýär.

At münmek gollaryň we aýaklaryň doly hem-de bölekleýin ysmazlygynyň, hereket utgaşyklygynyň bozulmasynyň, oňurganyň egrelmeginiň, ýürek işemiýa keselleriniň, metabolik bozulmalaryň, demgysmanyň, wegeto-damar distoniýasynyň, içege keselleriniň öňüni almaga kömek edýär.

Häzirki zaman lukmançylygynda atly gezelenç etmegiň adam bedenine duýgy we fiziki taýdan oňaýly täsir edýändigi bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:
Albom çykmazdan, rekord goýdy
Tomus pasly üçin maslahatlar
Tomus pasly üçin maslahatlar
Ak kelemiň peýdalary…
Ak kelemiň peýdalary…