Asyryň taslamasyna uly gyzyklanma

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli energetika syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda “Asyryň taslamasy” diýlip hem atlandyrylýan Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar.

Dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolan bu taslama Merkezi hem-de Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda özboluşly dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülýär.Sebitde syýasy hem-de ykdysady durnuklylyga goşant goşjak bu strategik gaz geçirijisine diňe taslama gatnaşyjy ýurtlar däl, eýsem, beýleki döwletler hem-de halkara maliýe edaralary uly gyzyklanma bildirýärler.

Taslamanyň türkmen bölegindäki gurluşyk-gurnama işleri bellenilen tertipde ýokary depginlerde alnyp barylýar.Bu halkara gaz geçirijisini gurmak babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirildi.Gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin gerek bolan polat turbalar ýurdumyza getirildi we getirilýär.

Bu ugurda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Global Pipe Company” kompaniýasynyň (Saud Arabystany Patyşalygy) arasynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginde gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin polat turbalary satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda, sargyt edilen önümler Dammam portundan Hazaryň üsti bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna getirilip başlandy.

Bahasy ABŞ-nyň 40 million dollaryna deň bolan bu şertnamany Saud ösüş gaznasy maliýeleşdirýär.Häzirki güne çenli bellenilen möhletlere laýyklykda, Mary welaýatyndaky “Ymambaba” demir ýol bekedine önüm ýüklenen 175 wagon gelip gowuşdy, bu ýere eýýäm 4 müň 956 metr turba düşürildi. Şeýlelikde, ýurdumyza iki tapgyrda jemi 35 müň metrden gowrak polat turbalar getiriler.

Munuň özi tutuş sebit ähmiýetli gurulýan halkara gaz geçirijide alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini üpjün eder. Şu günler getirilen polat turbalary gurluşyk meýdançasyna daşamak we gurnamak işleri dowam edýär.Mundan başga-da, bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegini has-da ilerletmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäginde we daşynda geçirilýän dürli derejedäki halkara maslahatlarda taslamanyň alnyp barlyşy hem-de bu ugra täze hyzmatdaşlary çekmek babatda çykyşlar guralýar.

Golaýda 1114-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen “ADIPEC 2018” halkara nebitgaz sergisinde we maslahatynda bu taslama ara alnyp maslahatlaşyldy.Ýene-de ýurdumyzda geçirilen “OGT 2018” halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisi boýunça mejlis geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu taslama Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky netijeli ädimdir.Milli ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmek şertinde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly ulgamyny döretmek bu strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy
В Ашхабаде пройдет международный форум в OGT-2023
“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar