6-njy fewralda başdan geçirilen we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň, ýaşaýyş bilen ölümiň arasynda galan betbagtçylykdan ejir çekenlere kömek elini uzatmak üçin gözleg we halas ediş toparlar ähli güýji bilen iş alyp barýarlar.
Harabalyklaryň aşagyndan halas edilen adamlar ýürekleri umytlandyrýar. Gudratly halas edilmeler bütin Türkiyäni tolgundyrýar.
140-njy sagatda halas edilen Muhammed ýer titremäniň simwollarynyň biri boldy. 27 ýaşyndaky Muhammed, Kahramanmaraşda bolan ýer titremeden zyýan çeken adamalryň biridi, 6 gün bäri harabalyklaryň aşagyndady.
Ýeri ýerasty anyklaýyş enjamy bilen anyklandy. Ine şol mahal umytlar artdy. Ne ol ýüz öwürdi, ne-de toparlar. 10 sagat iş alyp baran toparlar Muhammedi harabalyklaryň aşagyndan çykardylar. Muhammed ýagtylyga çykan mahaly täze durmuşa gadam basdy.
Adyýamanda bolsa gözleg we halas ediş toparlary 17 ýaşyndaky Barany halas etdiler.
Ýer titremäniň 139-njy sagadynda umytlar täzelendi. Hataýda 57 ýaşyndaky Majide Hakemati bolsa harabalyklaryň aşagynda 140 sagadyň dowamynda göreş alyp bardy. Oňa esgerler ýardam etdi. Majide harabalyklaryň arasyndan diri ýagdaýda çykaryldy.
Ýer titremäniň güýç merkezi bolan Kahramanmaraşda gözleg we halas ediş işleri bütin gün dowam etdi.
Ýer titremeden soň 137-nji sagatda diri ýagdaýda çykarylan adamlar ýüreklerde umyt döretdi.
Ýene-de bir umytlandyryjy habar bolsa Adyýamandan geldi. Harabalyklaryň arasyndaky bir zenan we bir erkek harabalyklaryň aşagyndan çykaryldy we saglygy goraýyş işgärlerine berildi.
Hataý welaýatynyň Antakýa etrabynda bolsa ýumrular diýip hiç kimiň girip bilmedigi bina magdançylar girdi. Halas edilen 6 ýaşyndaky siriýaly gyz uly tolgunma bilen garşylandy.
Hataýdada 60 ýaşyndaky bir adam halas edildi. 138 sagat harabalyklaryň aşagynda galan 60 ýaşyndaky zenan, ýaşaýyş koridory döredilip, saglygy goraýyş işgärlerine berildi.
Hataýda 7 aýlyk Hamza atly bäbek sesini aglap eşitdirdi. Toparlar dadyna ýetişdi. Ýer titremäniň 140-njy sagadynda Hamza bäbek halas edildi.
Gudratyň başga bir salgysy ýene-de Hataý boldy. Biri 15 ýaşynda, beýlekisi 21 ýaşynda bolan siriýaly 2 ýaş ýetginjek halas edildi. Siriýaly Muhammede gözleg we halas ediş toparlary "Doga et, seni ol ýerden halas ederis" diýip aýtdylar. Muhammed doga edip garaşdy. Iki ýaş ýetginjek 139 sagat soň harabalygyň aşagyndan çykaryldy.
Umytlandyran ýene-de bir habar bolsa Kahramanmaraşdan geldi. Ýer titremäniň 142-nji sagadynda ýaşuly bir adam harabalygyň aşagyndan çykaryldy.
Ýaşuly adam tiz kömek ulagyna geçirilip, hassahana gönükdirildi.