
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirlen we 11 welaýata ýaramaz täsirini ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde ýogalanlar uly hormat bilen hatyralanýar.
Ýer titremesiniň merkezi Kahramanmaraşda geçirlen hatyralama çäresinde Gurhan okalyp, doga edildi. Çärede asyryň betbagtçylygynda ýogalanlaryň foto suratlary diwarlara asyldy.
Hataýda bir ýere jemlenşen topar “Sessis ýöriş” ady bilen Atatürk köçesinden Jemhuriýet meýdanyna tarap ýöredi. Ilkinji ýer titremesiniň başdan geçirlen wagty bolan 04.17-de ýogalanlar üçin 65 sekuntlyk hormatly dymyşlyk edildi. Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginden soň üç uly diniň wekilleri ýer titremesinde ýogalanlar üçin doga etdi. Hatyralama çäresinde ýer titremesinde ýogalanlaryň hormatyna Asi derýasyna gyzyl gwozdikalar atyldy.
Ýer titremesi sebäpli uly ýitgi çeken Gaziantep, Adyýaman, Malatýa, Adana, Osmaniýe we Kilis ýaly şäherler bilen birlikde başga şäherlerde geçirlen hatyralama çärelerinde ýer titremelerinde ýogalan 53 müň 537 adam uly hormat bilen hatyrlandy.