Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri atly sergi gurnaldy
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda biri-birinden zyýada gelýän her bir günümiz şanly senelere beslenip taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar.Günsaýyn ösýän, özgerýän gözel ülkämizde ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar.
Esasan hem halkara gatnaşyklary ulgamyny has-da ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny berkitmek ýaly meseleler boýunça birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýakyn gündogaryň ykdysady taýdan iň kuwwatly we okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Saud Arabystany Patyşalygy bilen döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul-Aziz adyndaky Ylmy merkeziň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 31-nji iýuly 4-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde seminary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak hem-de Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelli we olaryň has seýrek duş gelýänleri atly sergisi guralýar.
Sergide Hanbaly fikhi diýlip atlandyrylýan arap sungatynyň ajaýyp eserleri bolan has seýrek duş gelýän golýazmalary, gadymy ýadygärlikleriň fotosuratlary, asyrlar boýy saklanyp galan iki mukaddes metjitleriň Mekke Medinäniň suratlary, arap halkynyň däp-dessurlarynyň gönezligi bolan eserlerini, Mukaddes Kuran kitabynyň nusgalaryny synlamak bolýar.
Şeýle ajaýyp işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza dünýä döwletleri bilen medeni ynsanperwer ugurdaky medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!