“Asyrlardan gözbaş alan müdimi miras” atly maslahat

“Asyrlardan gözbaş alan müdimi miras” atly maslahat

“Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Asyrlardan gözbaş alan müdimi miras” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, dutar ussasy Annagurban Işangulyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Gülnabat Ataýewa, Mähri Hojaýewa, Osman Güjümow, şol konserwatoriýanyň talyby Serdar Bäşimow, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Söýün Sähetgylyjow dagy çykyp geplemek bilen, öz çykyşlarynda dutar ýasamak, saz çalmak hem-de, bagşyçylyk sungatynyň taryhy, döreýşi we häzirki ýeten derejesi barada gyzykly gürrüň etdiler.

Maslahatyň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan Türkmenistanyň halk suratkeşleri Bäşim Nuralynyň, Aýhan Hajyýewiň, Ýakup Annanurowyň, Yzzat Gylyjowyň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Juma Jumadurdynyň, Çary we Aman Amangeldiýewleriň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Nyýazmyrat Dowodowyň, Saparmämmet Meredowyň, Seýitguly Artykmämmedowyň, Ýedi Madatowyň, Orazmyrat Gurbanowyň, Ata Babakulowyň dutar senetçiligini, saz we bagşyçylyk sungatyny wasp edýän nakgaş, heýkel we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden sergi gurnaldy, şeýle hem maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym aýdylyp, saz çalyndy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabara
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň“ atly serginiň
Taryhy nagyşlarda haly waspy
Nowruz geldi, bu bagtyýar ilime atly baýramçylyk sergisi
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda! atly sergisi