Asylly terbiýäniň gözbaşy

Asylly terbiýäniň gözbaşy

Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, ruhubelent, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär.

Ata-enäniň alyn deri, halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly mekdepdir.Eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr.

Ynsan durmuşy, jemgyýetçilik ýaşaýşy, üstünlikleri Watana, halka, işine wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýar.

Halallyk — halal zähmet, ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň kemala gelmegini aňladýar. Şonuň üçin hem nesillerimize halallygy öwretmek, halal ýola ugrukdyrmak ýagty, bagtyýar geljegiň binýadyny gurup bilmekdir.Pederlerimiziň bize miras goýan Halal zähmet — baky döwlet diýen pähimi arassa zähmete, halal gazanja uly hormat goýulýandygyny, bagtyýar durmuşda halal zähmet çekmelidigini aňladýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Ata-babalarymyzdan gelýän: Halal işle, haýyr tap!diýen pähimden ugur alýan halkymyz bagtyýar durmuşy halal ýaşap, halal zähmet çekmekden gözleýär.Ilatyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz ýaşlara milli terbiýe bermek barada aýratyn durup geçýär.

Eger-de adam ýaşlykdan halallyga, bilim almaga we zähmet çekmäge uýgunlaşsa, ol durmuşda horluk çekmeýär. Şoňa görä-de, ýaşlary mekdep ýyllaryndan arassa, halal zähmet çekmäge endik etdirmek we bu endigi olaryň häsiýetine geçirmek terbiýeçilik ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri hasaplanylýar. Çünki ýurdumyzyň, halkymyzyň geljegi terbiýeli ýaşlara baglydyr.

Halal baýlygyň çeşmesi zähmetdir. Halal zähmet çekmek, halal gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy barada aladalar bilen baglanyşyklydyr. Çünki dünýäde halal zähmet çekip, ak ýürekliligi bilen ýagşy at galdyrmak her bir ynsanyň borjudyr.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabynda: Zähmet endigini ele almadyk adam, edil elsiz-aýaksyz ýalydyr, ýönekeý ýagdaýlarda hem başyny çarap bilmän durandyr.Zandynda zähmet terbiýesi bolan adam hökman bir ugur tapar.

Zähmet ugurtapyjylygy hem terbiýeleýär diýip bellenilýär.Zähmet her bir adamyň ýüzüniň tuwagy, daşynyň goragydyr, bereket çeşmesidir, halal gazançdyr.Ynsanyň eýe bolan abraýy, hut halal, päk zähmetiň üsti bilen gazanylan hormat-sylagydyr, belent mertebesidir. Şonuň üçin hem köpi gören ata-babalarymyz Zähmet soňy rehnet, Halal işle, at gazan, Işlemedik dişlemez, Käri bolan har bolmaz ýaly zähmet terbiýesi bilen bagly onlarça nakyllary döredipdirler.

Zähmet çekmek adamy mätäçlikden, garaşlylykdan goraýar.Halal zähmet ynsanyň rahatlygyny üpjün edip, rysgalyny artdyrýar.Zähmet bilen gümra bolup ýören adamlaryň wagty hem hoş geçýär. Çünki zähmet adamy bikärlikden, ýaramaz endiklerden, ýakymsyz pikirlerden goraýar.

Zähmet bilen taplanan adam paýhasly, akylly, salyhatly bolýar.Zähmet adamy ähli zada oýlanyşykly çemeleşmäge, gazanan emlägiňe şükrana bolup, halallygyň gadyryny bilmäge ugrukdyrýar.Lukmanlar hem zähmetiň adam bedenini berkidýändigini, aňyna gowy pikirleri guýýandygyny aýdýarlar.

Milleti has-da bitewileşdirýän, jemgyýetimiziň jebisligini polat ýaly taplaýan hoşmeýillilik ýüreklerimize ornady. Biziň her birimiz şeýle asylly ýörelgä eýermek bilen, halallygyň, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ýagty geljegiň, bagtyýarlygyň dowamat bolmagynyň hatyrasyna gadamlarymyz barha batlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halal zähmetiň sarpasy belent tutulýar, asylly zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz — ýaşlar, halal zähmet çekip, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, Watana wepaly adamlar bolup zähmet çekeris. Döredijilikli we halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän, türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Maksat ÇARYÝEW,

Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27728

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi
Türkmenistanda kofe öndürýän öňdebaryjy kärhana açyldy
ŞÄRIKLI EKIN
“Altyn ýunus” HK-nyň täze önümleri
Kel bagşy Türkmenistanyň halk bagşysy (1850-1923)
2023-NJI ÝYLYŇ MAÝY: TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP