AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin

AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin

Hyzmatlaryň ýokary derejeli bolmagyna we müşderiler bilen hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmaga ymtylýarsyňyzmy?

Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ döwrebap çözgüdi — iri döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligiň zerurlyklaryny göz öňünde tutup işlenip düzülen Call center hyzmatyny hödürleýär.

AŞTU-nyň Call center hyzmatynyň tapawutly taraplary

Bu hyzmatyň kömegi bilen telefon jaňlarynyň islendik göwrümini professional derejede gaýtadan işlemegi gurap bilersiňiz. Bu, esasan-da, köp sanly müşderileri bolan ýa-da köpçülikleýin isleg bildirilip gözlenýän önümi satýan guramalar ýa-da telekeçiler üçin has möhümdir.

Call center nähili işleýär

Aşgabat şäher telefon ulgamy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň binasynda gije-gündiziň dowamynda tehniki gözegçilik astynda saklanylýan, programma üpjünçiligi bolan ýöriteleşdirilen serwer enjamlary bar. Olar işleriň üznüksiz alnyp barylmagyny üpjün edýär.

Call center hyzmatyny birikdiren müşderileriň isleglerine baglylykda, giriş jaňlara hyzmat edýän operatoryň iş ornunyň sany 2 — 30 aralygynda bolup biler.

Operatoryň iş ornuny kompýuter (noutbuk) we operatoryň gerekli enjamlary bilen enjamlaşdyrmak müşderiniň hasabyna amala aşyrylýar.

Call center hyzmatyna birikdirilen köp kanally telefon belgisi, bir wagtyň özünde müşderilerden gelýän jaňlaryň birnäçesini almaga mümkinçilik berýär. Netijede, bu belgi giriş jaňlaryň ählisi üçin elmydama elýeterli bolýar, sebäbi olar awtomatiki usulda boş duran operatoryň iş ornuna gönükdirilýär.

Eger jaň mahalynda ähli operatorlar jogap bermek bilen meşgul bolsalar, jaň awtomatiki usulda aýdym-sazly garaşmak nobatyna ýerleşdirilýär. Operator boşaşan mahaly bolsa, derrew nobatda garaşýan jaňa jogap berýär.

Call center hyzmaty bilen gyzyklanýan potensial müşderiler üçin Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ hyzmatdan bir aýlyk synag möhleti bilen peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 12) 49 58 00, (+993 12) 42 04 22. Web saýty: astu.tm.

Ýene degişli makalalar

AŞTU täze — Call center hyzmatyny hödürleýär
Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Seulda geçirilen çärä gatnaşdy
Robot demirýolçy işe başlady
Türkmenpoçta ýükleri ýollamak hyzmatynyň nyrhnamasyny arzanlatdy
Türkmenpoçta: ýükleri Türkmenistanyň islendik künjegine ygtybarly we çalt eltip bermek