Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan ilata hödürlenilýän iternet hyzmatlarynyň tizligini ýokarlandyrdy we şol bir wagtda onuň nyrhlaryny arzanlatdy. Bu barada AŞTU ÝGPJ-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Täze girizilen nyhnamalara laýyklykda hyzmatyň 1 aýlyk bahasy:
Öý interneti üçin täze nyrhnamalar:
Öň internet tizligi 512 kbit/s bolan nyrhnamanyň hyzmatyndan peýdalanýan we aýda 150 manat töleýän müşderiler awtomatik usulda, nyrhyny (150 manat) üýtgetmezden, 1 mb/s tizlikli internet hyzmatyna birikdiriler. Şeýle hem, 1 mb/s mundan beýläk iň pes tizlikli internet hyzmaty bolup durýar.
Öň aýyna 200 manat töleýän we 2 mb/s tizlikli internetden peýdalanyp gelen müşderileriň nyrhnamasy awtomatik usulda, şol bir tizlik bilen aýda 180 manat tölegli nyrhnama geçirilýär. Eger-de müşderi mart we ondan soňky aýlary üçin öňki nyrhnama boýunça 200 manat tölän bolsa, onda billing ulgamy müşderiniň hasabyny 180 manatlyk nyrhnama geçirýär we galan pul serişdelerini hakujy hasabynda saklaýar.
Häzirki wagtda täze nyrhnamaly tizliklere geçmek islegleri barada müşderilerden degişli ýüzlenme arzalary kabul edilip başlandy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 083